Futbolyň iň eý görülýän klub ýaryşy UEFA Çempionlar Ligasynda 2 aýlyk arakesme tamamlanýar. Geljek hepdäniň sişenbe we çarşenbe günlerinde ýaryşyň 1/8 finalynyň 1-nji duşuşyklarynyň 4-si geçiriler. Galan 4 duşuşyk bolsa soňky hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri oýnalar. Duşuşyklaryň ählisi-de ýarygijeden soň Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar.

1/8 finalyň ilkinji 2 duşuşygy 13-nji fewralda, sişenbe güni geçiriler. Şol gije “Kopengagen” bilen “Mançester Siti” hem-de “Leipsig” bilen “Real Madrid” klublary duşuşarlar. “Kopengagen” bilen “Mançester Siti” toparlary 5-nji gezek özara duşuşar. Öňki 4 duşuşygyň 2-sinde “Mançester Siti” Angliýada 2-1 we 5-0 hasaplar bilen ýeňse-de, olara Daniýada ýeňiş gazanmak başartmandy (2-2, 0-0).

“Leipsig” bilen bije çekişen ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan kluby “Real Madrid” 1-nji duşuşygyny Germaniýada geçirer. Geçen möwsümde 1 toparça düşen klublaryň hersi öz meýdançasynda ýeňiş gazanypdy. Madridde 2-0 ýeňen “Real” myhmançylykda 3-2 hasabynda utulypdy.

1/8 finalyň ýene 2 duşuşygy-da 14-nji fewralda, çarşenbe güni oýnalar. Şol gije Fransiýanyň PSŽ topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Real Sosiedad” toparyny, “Lasio” bolsa Rimde “Bawariýany” kabul eder. “Park de Prens” stadionyndaky PSŽ–“Real Sosiedad” duşuşygy toparlaryň arasyndaky ilkinji resmi oýun bolar. “Lasio” bilen “Bawariýa” 3-nji gezek özara duşuşyk üçin meýdança çykarlar. Mundan öňki 2 oýunda-da münhenliler 2020/21 möwsüminde 1/8 finalda Rimde 4-1, öz meýdançasynda 2-1 hasaplar bilen ýeňipdi. UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň galan 4 duşuşygynyň 1-nji oýunlary 20-21-nji fewralda oýnalar.

13-nji fewral (sişenbe)

“Kopengagen” – “Mançester Siti” (01:00)

“Leipsig” – “Real Madrid” (01:00)

 

14-nji fewral (çarşenbe)

PSŽ – “Real Sosiedad” (01:00)

“Lasio” – “Bawariýa” (01:00)