UEFA Çempionlar Ligasynda 2 aýlyk arakesme tamamlanyp, 1/8 finalyň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji 2 duşuşygynda myhmançylykda toparlar ýeňiş gazandy.

Daniýanyň paýtagtyndaky “Parken” stadionynda oýnalan “Kopengagen” bilen soňky çempion “Mançester Sitiniň” arasyndaky duşuşykda iňlis kluby 3-1 hasabynda üstün çykdy. Garşydaşyny myhmançylykda ilkinji gezek ýeňen “Mançester Sitiniň” gollaryny 10-njy minutda Kewin De Bruýne we onuň paslaryndan soň 45+1-nji minutda Bernardo Silwa hem-de 90+2-nji minutda Fil Foden geçirdi. Ýer eýeleri “Kopengageniň” ýeke-täk goluny 34-nji minutda Magnus Mattsson öz adyna ýazdyrdy.

Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” çärýek finala çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy. “Mançester Siti” UEFA Çempionlar Ligasynda bassyr 9-njy duşuşygynda ýeňiş gazanan ilkinji iňlis kluby hökmünde bellige alyndy. Şol sanda “Mançester Siti” ýaryşyň taryhynda yzly-yzyna 7 duşuşykda 3 goldan geçiren ilkinji topar boldy.

Duşuşykda 1 gol geçirip, 2 goluň pasyny beren De Bruýne oýnuň gahrymany diýlip saýlandy.