«Rumavi» konsalting kompaniýasynyň dünýäniň 192 döwletinde geçiren derňewleriniň netijesinde taýýarlanan Dünýä relokasiýa indeksinde Estoniýa birinji orny eýeledi. Her ýyl neşir edilýän bu halkara reýtingde ýurtlaryň maliýe we salgyt ulgamy, durmuşyň hili hem-de saglygy goraýyş, howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de täze şertlere uýgunlaşmak mümkinçilikleri ýaly ugurlarda 24 görkezijä baha berildi. “Rumavi” kompaniýasynyň barlaglarynda Dünýä bankynyň, «Mercer» guramasynyň hem-de Parahatçylygyň ählumumy indeksiniň maglumatlary netijeli ulanyldy.

Ýylyň ikinji çärýeginde Estoniýa Respublikasy bank-walýuta düzüminiň ösüşi, işewürlik mümkinçilikleri we daşary ýurt raýatlarynyň eýeçilik hukuklarynyň kepillendirilişi babatda ýokary netijeleri görkezdi. Şeýle hem bu döwlet maşgala bolup ýaşamak üçin iň amatly ýurt yglan edildi. Ol telekeçilik ugrundan diňe Singapur döwletinden yza galyp, ikinji orny eýeledi. Resmi görkezijilerde Estoniýa bilen bir hatarda Singapur, Malaýziýa, Portugaliýa we Taýwan hem ilkinji bäşlige girdi. Bellenilişi ýaly, aralykdan işleýän hünärmenler üçin Malaýziýa bilen Portugaliýa iň amatly ugurlar diýlip görkezildi.