Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Zikgehanasynyň müdiriýeti ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli özüňiň iň täze taryhynda ilkinji gezek tegelek däl şekildäki ýadygärlik şaýylygy çykarmagy meýilleşdirýär. “Azatlygyň sesi – Azatlyk jaňy” diýlip atlandyrylýan bu gymmatbaha şaýylyk çäkli nusgada zikgelener.
Müdiriýetiň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, şaýylygyň ýüz tarapynda jaňyň şekili, şeýle hem “LIBERTY” (“Azatlyk”), “IN GOD WE TRUST” (“Hudaýa bil baglaýarys”) diýen ýazgylar we “1776 – 2026” ýyllar şekillendirilendir. Onuň arka tarapynda bolsa 1776-njy ýylda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilen we ilkibaşda Azatlyk jaňynyň saklanan ýeri bolan Filadelfiýadaky Garaşsyzlyk meýdançasyndaky bina baýramçylyk feýerwerkiniň fonunda şekillendirilip, onda “UNITED STATES OF AMERICA” (“Amerikanyň Birleşen Ştatlary”) diýen ýazgy hem-de latyn dilindäki “E PLURIBUS UNUM” (“Köpden – bitewilik”) diýen şygar ýerleşdirilendir. Şeýle-de jaňyň tutawajynda şaýylygyň nominaly, agram we altynyň kysmy görkezilendir.
Ýadygärlik şaýylyklaryх zikgeleтmegi ABŞ-nyň iň köne däpleriniň biridir. Mundan ozal, 1986-njy ýylda Azatlyk heýkeline bagyşlanyp çykarylan şaýylyk 15,5 million nusga bilen uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şonuň ýaly-da, Jorj Waşingtonyň 250 ýyllygyna, 1984-nji ýylda Los-Anjelesde geçirilen Olimpiada we ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň 200 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan ýadygärlik şaýylyklary hem ýokary islegden peýdalanypdy.
PDF









