ABŞ Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyny belledi

1

4-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk şanly baýramyny dabaraly ýagdaýda belledi. Şu mynasybetli ýurduň paýtagty Waşington şäherindäki Milli aleýada guralan dabarada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çykyş etdi. Döwlet Baştutanynyň öz çykyşynda bellemegine görä, bu sene ýurduň taryhynda möhüm tapgyr bolup, “Amerika arzuwy” ýene-de dikeldildi. Şanly ýubileý mynasybetli dünýä döwletleriniň we hökümetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň wekilleri amerikan halkyna we ýurduň ýolbaşçylygyna özleriniň gutlag hatlaryny ugratdylar.

Baýramçylyk dabaralary Waşingtonda, Filadelfiýada we ýurduň beýleki iri şäherlerinde köp sanly raýatlaryň gatnaşmagynda guralan giň gerimli feýerwerkler we döwrebap dron şoulary bilen utgaşdyryldy. Prezident Donald Tramp özüniň baýramçylyk ýüzlenmesinde ýurduň geçen çärýek müňýyllygyň dowamynda dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň we azatlygyň tarapdary hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şeýle hem ol döwletiň daşary syýasatda gazanan üstünliklerine, halkara meseleler boýunça alnyp barlan netijeli çärelerine we içerki durnuklylygy, milli gymmatlyklary gorap saklamagyň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdi.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem bu taryhy senä uly sarpa goýuldy. Beýik Britaniýanyň Patşasy Karl III öz gutlagynda London bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy dowamatlylygyna, howpsuzlyk, söwda, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligine aýratyn baha berdi. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen transatlantik hyzmatdaşlygyň umumy gymmatlyklara we dostlukly gatnaşyklara esaslanýandygyny belledi. Mundan başga-da, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Polşanyň we Islandiýanyň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary ABŞ bilen bar bolan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini tassyklap, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde geljekde hem bilelikdäki tagallalaryň dowam etdiriljekdigini mälim etdiler.