ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud Türkmenabat şäherine eden iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördi. Ilçi muzeýde welaýatyň ykdysady ösüşleri, taryhy we medeni ýadygärlikleriniň gyzykly taryhy hem-de tapylan tapyndylary, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary we ülkämiziň tebigaty bilen has ýakyndan tanyşdyryldy. Ilçi bu gezelenjiň özünde uly täsir galdyrandygyny buýsanç bilen belläp geçdi we muzeýe «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçileriň gaznasy» maksatnamasy boýunça dikeldilen Daýahatyn kerwensaraýynyň ýadygärliginiň foto suratyny sowgat gowşurdy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm