7-nji fewralda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Ilatyň gürlügini hasaba alyp taslamak: goşmaça ýaşaýyş jaý serişdeleri barada söhbetdeşlik” atly temada onlaýn maslahat geçirildi. Bu maslahata institutyň hünärmenleri, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Çuýahoga etrabynyň meýilnamalaşdyryş toparynyň wekilleri Patrik Hewitt we Reýçel Nowak, Kliwlend Haýts şäheriniň meýilleşdiriş we ösüş müdiri Erik Zumft, şeýle-de “Onyx Creative” binagärlik firmasynyň uly binagäri Tommi Çesnes binagärlik, gurluşyk we dizaýn ugurlarynda öz tejribeleri barada çykyş etdiler.
Maslahat Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edilen temalar şäher gurluşygynda ýerleri tygşytly peýdalanmak, ýaşaýyş jaýlaryny dogry meýilleşdirmek, ilatyň sany, sosial we ykdysady meseleleriň şäher gurluşygyna ýetirýän täsiri barada bolup, daşky gurşaw meseleleriň çözgütlerini öz içinde jemleýär. Bu meseleleriň we olaryň çözgütleriniň dürli prezentasiýalar arkaly görkezilmegi oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurduň şäher gurluşygyny ösdürmek maksady bilen dürli bäsleşikler yglan edilip, bäsleşikleriň ýeňijileri we ýerine ýetirilen taslamalar metbugat sahypalarynda işjeň çap edilýär diýip çykyş edenler belläp geçdiler. Bäsleşige hödürlenýän taslamalara ilat tarapyndan teklipleri bermäge we olara ykdysady taýdan seljermeleri geçirmäge bar bolan mümkinçilikler barada bellenildi. Bu bolsa ýaşlaryň ýerine ýetirýän taslamalarynyň has netijeli bolmagyna täsir edýär.