ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma “Netf­lix”-de gör­ke­zil­ýän film­le­riň bi­ri­ne ses be­rip, “Iň go­wy gür­rüň be­ri­ji” ug­ry bo­ýun­ça “Em­my” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Dün­ýä­niň bäş yk­ly­myn­da­ky te­bi­gy gö­zel­lik­ler ba­ra­da gür­rüň ber­ýän do­ku­men­tal film­de Çi­li­den In­do­ne­zi­ýa çen­li dün­ýä­niň baý te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
“Our Great Na­tio­nal Parks” (Bi­ziň aja­ýyp mil­li se­ýil­gäh­le­ri­miz) at­ly film bi­len baý­rak alan Oba­ma bu baý­ra­gy alan ikin­ji ame­ri­kan Pre­zi­den­ti bol­dy. “Iň go­wy gür­rüň be­ri­ji” baý­ra­gy­na do­ku­men­tal film­le­ri alyp bar­ma­gy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan De­wid At­ten­bo­ro, ki­no we teatr akt­ri­sa­sy Lu­pi­ta Nýon­go we ozal­ky bas­ket­bol­çy Ka­rim Ab­dul-Jab­bar hem da­laş edip­di.
Ba­rak Oba­ma 2017-nji ýyl­da aýa­ly Mi­şel­le bi­len bi­le­lik­de “Hig­her Ground” at­ly kom­pa­ni­ýa­ny esas­lan­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa “Netf­lix” bi­len ek­ran eser­le­ri­ni dö­ret­mek üçin bir­nä­çe mil­li­on dol­lar­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Oba­ma mun­dan ozal öz ýat­la­ma­la­ry­nyň au­dio (ses­li) nus­ga­la­ry bi­len iki “Gram­my” baý­ra­gy­ny ga­za­nyp­dy.
Ba­rak Oba­ma 5 se­ri­ýa­dan yba­rat bo­lan “Our Great Na­tio­nal Parks” fil­mi­ni aýa­ly Mi­şel­le bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­lap­dyr.
“Em­my” baý­ra­gy­na il­kin­ji ge­zek my­na­syp bo­lan ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Duaýt Eý­zen­hauer­dir. Ol 1956-njy ýyl­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän wag­ty bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lup­dy.