ABŞ-nyň Döwlet departamenti konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin meýilleşdirilen okuwlaryň geçirilýändigi sebäpli dünýäniň ähli diplomatik wekilhanalarynda wiza söhbetdeşliklerine ýazylmak üçin arzalary kabul etmegi wagtlaýyn togtatdy. Bu barada “visasnews.com” habar berilýär.

Şu döwürde diplomatik wekilhanalar öz iş tertibini we resminamalary kabul etmek ulgamlaryny täzeleýärler. Öň bellenen ähli söhbetdeşlikler ozalky tertibinde saklanyp, gyssagly ýüz tutmalara bolsa aýratyn esasda garalýar.

Adaty nobata ýazylmagyň haçan täzeden başlanjakdygy baradaky resmi maglumat soňra habar berler. ABŞ-a gitmegi ýa-da iş saparyny amala aşyrmagy maksat edinýänlere diplomatik wekilhanalaryň resmi internet sahypalaryndaky maglumatlary yzygiderli gözden geçirmek, şeýle hem resminamalaşdyryş işlerinde ýüze çykyp biljek eglenmeleri hasaba almak tabşyrylýar.