Dünýäniň öňdebaryjy aýdym-saz mobil goşundylarynyň biri bolan «Spotify»-niň abunaçylarynyň sany ýylyň üçünji çärýeginde garaşylyşyndan ýokary boldy. Merkezi edarasy Stokgolm şäherinde ýerleşýän kompaniýanyň ulanyjylarynyň sany üçünji çärýekde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim artyp, 456 milliona ýetipdir. Ykdysady bilermenler bu görkezijiniň 450,7 million bolmagyna garaşýardylar. Mobil goşundynyň tölegli ulanyjylarynyň sany 13 göterim artyp, 195 milliona ýetipdir. Şeýle hem degişli döwürde kompaniýanyň girdejisi 3,04 milliard ýewro bolupdyr. «Spotify»-niň biržadaky paýnamalary 2,5 göterim ýokarlanyp, 97,05 dollara ýetipdir.
Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy
PDF









