ABŞ-nyň Çikago uniwersitetiniň hünärmenleri plastik ýaly aňsatlyk bilen gaýtadan işläp bolýan, emma elektrik energiýasyny metaldan hem aňsat geçirýän maddany oýlap tapdylar. Ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Jon Anderson bu maddanyň elektrik energiýasyny geçirýändigini, aňsatlyk bilen şekili üýtgedip bolýandygyny we gündelik şertlerde has çydamlydygyny aýtdy. Adatça, geçirijiligi bolan maddalar bir tekiz, gysylan atomlardan ýa-da molekulalardan emele gelýän bolsa, täze maddany emele getirýän zerrejikler ýaýraň ýagdaýda durýar. Şeýle-de bolsa elektrik energiýasyny aňsatlyk bilen geçirýär. Bu açyş barada «Nature» žurnalynda ylmy makala çap edilipdir.
Maýa GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
PDF









