Niderlandlar Demirgazyk deňzindäki «Hollandse Kust Noord» ýatagynda täzelenýän energiýa babatda has iri taslamany durmuşa geçirer. Kenardan 22 kilometr uzaklykda gurulýan beketde ýel we Gün panelleri utgaşykly işläp, arassa energiýa öndürer. Taslamanyň çäklerinde ýel beketleriniň ýanynda Gün panelleri hem oturdylar. Bu bolsa islendik howa şertinde üznüksiz energiýany öndürmäge mümkinçilik berer. Deňiz şertlerine çydamly edilip guruljak Gün panelleri «Oceans of Energy» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýar. Kompaniýa mundan ozal deňizde Gün panellerini oturdyp, bu ugurda tejribe toplady. Bilermenler geljekde şeýle desgalaryň sanynyň artjakdygyny belleýärler.
Myratnazar REJEPMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.