Dünýäniň tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurtlary birnäçe ýyldan bäri adamsypat robotlary öndürýärler. Entek köçede eli torbaly ýük göterip barýan robota duşmasak-da, awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar adamlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirdi. Hytaýda bolsa, adamlar bilen robotlaryň arasyndaky ilkinji ylgaw ýaryşy geçiriler. “South China Morning Post” neşiriniň habaryna görä, Pekin Ykdysady-tehnologik Ösüş Meýdany aprel aýynda 12 müň adamyň hem-de 20-den gowrak kompaniýanyň öndüren robotlarynyň gatnaşjak marafon ýaryşy geçiriler. Adamlar bilen robotlaryň arasyndaky ýaryş 20 kilometrlik aralykda geçirilip, tigirçekli robotlaryň gatnaşmagyna rugsat berilmez. Robotlaryň boýy 45-190 santimetr aralygynda bolup biler. Guramaçy komitet robotlaryň adama meňzeş hem-de iki aýakly bolmalydygyny mälim etdi. Agzalýan täsin sport çäresi adamlar bilen iki aýakly robotlaryň arasynda geçiriljek ilkinji halkara bäsleşik bolar.
Mundan ozal, geçen ýylyň güýzünde Hytaýyň “Tiangong” atly roboty Pekindäki ýarym marafonyna gatnaşypdy. Bu robot bary-ýogy 100 metr ylgapdy, özem tizligi haýaldy. “Xinhua” agentligi “Tiangong”-yň hem geljekki ýaryşa gatnaşjakdygyny habar berýär.
“Tiangong” ýaryşa gatnaşandan birnäçe hepde soňra Günorta Koreýada “RAIBO2” atly it şekilli robot hem ylgaw ýaryşyn gatnaşypdy. Adam bilen deňeşdirende örän haýal bolan bu robot marafony 4 sagat 20 minutda tamamlapdy. Şol marafony adam 2 sagat 36 minutda tamamlapdy.