AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynda çempion belli boldy. Çärýekdir ýarym final oýunlarynyň hem-de final duşuşygynyň Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen ýaryşynda ýer eýesi “Al-Ahli” topary çempionlyk gazandy.
“Al-Ahli” topary finalda Ýaponiýanyň Kawasaki Frontal toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Al-Ahli” toparyna çempionlyk getiren gollary 1-nji ýarymda, has takygy, 35-nji minutda Galeno bilen 42-nji minutda Frank Kessi geçirdi. 2 goluň asistini-de braziliýaly hüjümçi Roberto Firmino etdi. Şunlukda, “Al-Ahli” topary taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň klub ýaryşlaryndaky iň uly kubogy gazanmagy başardy. Jidda şäheriniň wekili mundan öň 1985/86 möwsüminde hem-de 2012-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi. “Al-Ahli” şol 2 finalda-da koreý klublary – “Daewu Roýals” hem-de “Ulsan Hýundai” toparlaryndan asgyn gelipdi. “Al-Ahli” bu kubogy gazanan 25-nji klub boldy. Şol sanda Saud Arabystanynyň 3-nji topary hökmünde hasaba alyndy.
“Kawasaki Frontal” toparyna bolsa ilkinji gezekki finalynynda kubogy ýetmek başartmady.
Çempion toparyň braziliýaly ýyldyzy Roberto Firmino ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.