Brend­le­riň ba­ha­sy­ny sel­jer­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len bri­tan kon­sal­ting kom­pa­ni­ýa­sy «Brand Fi­nans» ýa­ňy-ýa­kyn­da «Soft Po­wer In­dex 2022» ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­de iň tä­sir­li ýum­şak güý­je eýe bo­lan Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň il­kin­ji üç­lü­gi­ne Mü­sür, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy we Ma­rok­ko gir­di. Bu ýurt­lar, de­giş­li­lik­de, dün­ýä sa­na­wyn­da 31-nji, 34-nji we 46-njy orun­da dur­ýar. On­dan soň Ni­ge­ri­ýa (yk­lym­da 4-nji we dün­ýä­de 69-njy), Maw­ri­kiý (5-nji we 71-nji), Ru­an­da (6-njy we 74-nji), Al­žir (7-nji we 75-nji), Tu­nis (8-nji we 76-njy), Ga­na (9-njy we 86-njy) ) we Ma­da­gas­kar (10-njy we 94-nji) gel­ýär.
Ýyl­lyk ha­sa­bat dün­ýä­niň köp yk­lym­la­ry­ny we se­bit­le­ri­ni öz içine alýan 100-den gow­rak ýurt­da ge­çi­ri­len jem­gy­ýet­çi­lik pi­kir so­ra­ly­şy­gy­na, şeý­le hem hö­kü­metleriň, hal­ka­ra gu­ra­ma­laryň, kom­pa­ni­ýa­laryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­rynyň wekilleriniň pi­kir­le­ri­ne esas­lan­ýar.
Ýum­şak güýç dü­şün­je­si – bir döw­le­tiň, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­na tä­sir et­mek we se­riş­de­le­r top­lu­my ar­ka­ly öz peý­da­sy­na gö­nük­dir­mek uky­by­dyr. Dü­şün­jä­niň aw­to­ry ame­ri­ka­ly Jo­zef Naý. Hä­zir­ki wagt­da Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň kö­pü­si öz ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ta­gal­la ed­ýär­ler. Kä­bir­le­ri üçin bu ta­gal­la­lar di­ňe sy­ýa­hat­çy­lyk ýa­ly pu­dak­lar bi­len çäk­len­ýän bol­sa, beý­le­ki­ler, ter­si­ne, iş ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mä­ge ta­gal­la ed­ýär­ler. «Brand Fi­nans»-yň bar­lag­la­ry­na gö­rä, Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň tä­si­ri soň­ky dö­wür­le­rde has-da art­dy. Şeý­le-de bol­sa, şu wag­ta çen­li yk­ly­myň hiç bir ýur­dy dün­ýä­niň TOP-20 ýurt­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­rip bil­me­di.
Ma­rok­ko mö­hüm dip­lo­ma­tik ta­gal­la­la­ry, Ni­ge­ri­ýa bol­sa, aý­dym-saz we ki­no ýa­ly dö­re­di­ji­lik we me­de­ni pu­dak­la­ry bi­len aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Maw­ri­kiý hem öz ge­ze­gin­de mil­li bren­di dö­ret­mek, esa­san hem, özü­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny iler­let­mek bo­ýun­ça köp ta­gal­la ed­ýär. Ýurt­la­ryň bu ta­gal­la­la­ry, te­bi­gy ýag­daý­da ýum­şak güýç dö­re­dip, adadaky döw­le­tler sa­na­wa gi­ri­zi­len­den soň, il­kin­ji ge­zek dün­ýä­niň TOP-75 de­re­je­si­ne çy­kar­dy.
Mun­dan baş­ga-da, Ru­an­da­nyň ösü­şin­de ýur­duň «Ru­an­da ge­liň!» at­ly mil­li brend kam­pa­ni­ýa­sy­ aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, kom­pa­ni­ýa­nyň «Pa­ri Sen-Žer­men» fut­bol klu­by bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny göz öňün­de tut­saň, uly ösüş­ler gö­ze il­ýär. Bu ýag­daý ýur­duň yk­lym­da iň ýum­şak güý­je eýe bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny has-da art­dyr­ýar.