“Airbus” kompaniýasynyň A320 uçary “Boeing”-iň öňden gelýän öňdebaryjy ornuny eýeläp, taryhda iň meşhur uçara öwrüldi. Bu barada “Reuters”: “Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy möhüm täjirçilik tapgyryny geçdi. Kompaniýanyň “A320” uçary “Boeing 737”-den öňe geçip, taryhda iň köp satylan uçar boldy” diýip, “Cirium” awiasiýa seljeriş kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 1988-nji ýyldan bäri hyzmat edip gelýän “Airbus A320”n-iň satylan umumy mukdary 12 müň 260 birlige ýetdi. Netijede, “Boeing” birnäçe onýyllygyň dowamynda gazanan liderligini ýitirdi diýlip, hasabatda aýdylýar.
Kompaniýa “Airbus Defence and Space” we “Airbus Helicopters” ýaly ýolagçy uçarlaryny öndürýän “Airbus SAS” bölümlerinden ybaratdyr.