Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, üst-başyňa seretmek adamy gelşikli görkezmek bilen bir hatarda, saglyk üçin peýdalydyr. Mekdep lybaslaryny, köwşüňi, okuw esbaplaryny, otagdaky esbaplary, egin-eşikleriňi arassa we tertipli saklamagy ýaşlykdan endik etmeli. Esasan hem, köwşi we sport aýakgabyny her gezek geýip geleniňden soň, süpürip arassalap, soňra tekjä goýmaly. Eýsem, aýakgaplar arassalananda nämä üns bermeli? Ak reňkli aýakgaby nädip arassalamaly?
Okuw köwşi, esasan hem, ak reňkli aýakgaplar çalt kirleýär. Köplenç sport aýakgaplary ak reňkde bolup, bedenterbiýe sapagynda, gezelenje çykylanda köp geýilýär. Ak aýakgabyň çalt hapalanýandygyna garamazdan, ony ýönekeý usullar bilen arassalap bolýar. Munuň üçin biraz diş pastasy, nahar sodasy ýa-da gap-gaç ýuwujy serişde gerek. Ilki gury esgi bilen aýakgaby süpürmeli. Soňra ýylyrak suwa diş pastasyndan az-owlak damdyryp, çöpjagaz bilen bulamaly. Köpürjik emele gelenden soň, ulanylmaýan diş çotgasyny alyp, köpürjigi aýakgaba sürtmeli. Hapalar, tegmiller ýuwlandan soň, gury esgi bilen aýakgaby süpürmeli hem-de guratmaly.
Beýleki bir usulda nahar sodasyny hem ulanyp bilersiňiz. 2 çemçe nahar sodasyny bir bulgur ýyly suwa garyp, çöpjagaz bilen bulamaly. Soňra ulanylmaýan diş çotgasy bilen köpürjigi köwşe sürtüp çykmaly. Ýarym sagat garaşanymyzdan soň, arassa suwa esgini ölläp, köwşi mazaly süpürmeli. Soňra aýakgabyň çygyny aýyrmaly. Çygyny aýyrmak üçin kagyz süpürgiç ýa-da esgi ulanyp bilersiňiz. Ýene bir usulda ak aýakgapdaky tegmilleri gap-gaç ýuwujy serişdeden bir-iki damja gubka damdyryp, soňra köwşe çalyp çykmaly. Tegmilleri we hapasy ýumşandan soň, gury mata bölegi bilen süpürmeli.
Aýakgabyň täze ýaly bolmagyny isleýän bolsaňyz, kir ýuwujy maşyna hem salyp bilersiňiz. Aşa gyzgynlygyň köwşi zaýalaýandygy sebäpli, kir ýuwujy maşynyň suwunyň gyzgynlygyny 30-40 derejede goýmaly. Kir maşynda aýakgabyň zaýalanmazlygy üçin tora ýa-da mata haltajygyň içine salyp ýuwduryp bilersiňiz. Ýuwlan aýakgaby dolulygyna guradyp, onsoň geýmeli. Kir ýuwujy maşyny ulularyň rugsady bolmazdan ýa-da gözegçiliksiz ulanmaly däl.
Çygly aýakgabyň geýilmegi saglygyňyz üçin zyýanly netijeler berip biler. Şol sebäpli aýakgabyňyzy bir ýere gitjek wagtyňyz däl-de, öýe gelen wagtyňyz arassalamaly. Arassaçylyk işi saglyk üçin ädilen ilkinji ädimdir. Şol sebäpli köwşüňi arassalamaga ýaltanmaly däl. Günüň dowamynda aýakgabyňdaky hapalary aýyrmak üçin 10-15 minutyňy sarp etmeli. Üst-başyň, köwşüň arassa bolmagy özüň üçin oňaýly bolup, adamy salyhatly we gelşikli görkezýär.