Ir­ki or­ta asyr ar­hi­tek­tu­ra-ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­riň bi­ri bo­lan ga­dy­my Sa­raý köşk­ler top­lu­my­nyň su­dur­la­ry Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Ak­sa­raý ge­ňeş­li­gi­niň Ak­sa­raý oba­sy­nyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýär. Bu meş­hur we şöh­rat­ly bi­na­gär­çi­lik top­lu­my et­rap mer­ke­zin­den 18 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk-gün­do­gar ta­rap­da ýer­leş­mek bi­len, onuň me­de­ni gat­lak­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ýa­şy VIII asyr­ bi­len se­ne­len­ýär.
Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da mö­hüm, ösen sy­ýa­sy, me­de­ni, söw­da ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap edi­len Sa­raý ýa­dy­gär­li­gi­niň ady or­ta asyr ta­ry­hy, ede­bi çeş­me­ler­de, nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň we­kil­le­ri­niň ga­zal­la­ryn­da, ýol ýaz­gy­la­ryn­da Ak­sa­raý, Ak­sa­raý diň, Ak­sa­raý köşk­ler top­lu­my, Ak­sa­raý ker­wen­sa­ra­ýy ýa­ly gör­nüş­le­r­de hem duş gel­ýär. Yşk mül­kü­niň şa­sy Mol­la­ne­pes özü­niň «Ta­pyl­maz» at­ly şyg­ryn­da to­ýun-ker­piç ýaz­gy­la­ryn­dan baş­la­nan ta­ry­hyň ga­dy­my mer­jen se­bi­ti­ni, bu ýa­dy­gär­li­gi – Sa­raý köşk­ler top­lu­my­ny Ak­sa­raý gör­nü­şin­de wasp edip­dir.
Se­bit­le­riň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da uly orun tu­tan ir­ki or­ta asyr ar­hi­tek­tu­ra-ar­heo­lo­gik Ak­sa­raý diň ýa­dy­gär­li­gi bi­len Öz­be­gis­ta­nyň Han­kah şä­he­ri­niň ara­ly­gy 30 ki­lo­met­re, Ha­za­rasp şä­he­ri bi­len ara­ly­gy 35 ki­lo­met­re, Gür­leň şä­he­ri bi­len ara­ly­gy 28 ki­lo­met­re, Hy­wa şä­he­ri bi­len ara­ly­gy 36 ki­lo­met­re deň­dir. Ak­sa­raý köşk­ler top­lu­my­nyň meý­da­ny­nyň go­rag çäk­le­ri 25 gek­tar­dan gow­rak bo­lup, onuň de­mir­ga­zy­gyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Şa­bat et­ra­by, gü­nor­ta­syn­da Gö­rog­ly et­ra­by­nyň H.My­ra­dow adyn­da­ky, B.Öwe­zow adyn­da­ky ge­ňeş­lik­le­ri, gün­ba­ta­ryn­da Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ge­ňeş­li­gi ýer­leş­ýär.
Geç­miş­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ga­dy­my ug­run­da Hy­wa-Ak­sa­raý-Buz­gö­men-Be­dir­kent-Po­lo­sol­tan-Ys­ma­my­ta­ta-Küň­re­li-Yz­myk­şir-Was-Kö­ne­ür­genç-Di­ýar­be­kir-Aşyk Aý­dyň-Ha­lap-Şir­wan-Ak­ja­ge­lin-Tü­ni­der­ýa men­zil­le­ri De­mir­ga­zyk Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy, köp gat­naw­ly dü­şel­ge­le­ri, se­bi­tiň iň iri no­kat­la­ry, uly ker­wen ha­tar­la­ry­ny ka­bul et­mä­ge ukyp­ly bo­lan giň ýaý­la­ly mer­kez­ler hök­mün­de ta­na­lyp­dyr. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýerleşen Ak­sa­raý diň ýa­dy­gär­li­gi Hy­wa-Et­rek, Hy­wa-Ke­se­ar­kaç, Hy­wa-Amul, Hy­wa-Merw, Hy­wa-Gür­gen, Hy­wa-De­his­tan ýa­ly De­mir­ga­zyk Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­gar şa­ha­syn­da bi­rin­ji, iň amat­ly, bag-bak­ja­ly ker­wen­sa­raý­ly ýaý­la hök­mün­de hem yk­rar edi­lip­dir.
Alym­lar Ak­sa­raý­ diň ýa­dy­gär­li­gi­niň me­de­ni gat­lak­la­ry­nyň II we III tap­gy­ryn­da IX-XII asyr­la­ryň ara­ly­gyn­da dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry­na de­giş­li ýa­şa­ýyş me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ösen­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu dö­wür­de ýa­dy­gär­li­giň tö­we­re­gin­de ker­wen­sa­ra­ýyň, ra­bat­lar, gor­gan­lyk (köşk­li ga­la­nyň) top­lum­la­ry­nyň bo­lan­dy­gy alym­la­ryň iş­le­rin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Se­bi­tiň bu gör­nük­li, ka­şaň, ha­şam­ly top­lu­my­nyň ýü­zün­dä­ki, dur­kun­da­ky gym­mat­lyk­lar, ýaz­gy­lar, ül­ňü­ler XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da top­rak as­ty­nyň gat­lak­la­ry­na giz­le­nip bar­ýan ta­ry­hy ha­ky­da hök­mün­de, mu­kad­des­li­giň keş­bi­ne, geç­mi­şiň unu­dyl­ma­jak tap­gy­ry­na ga­dam ba­san ha­ra­ba­çy­ly­gy hök­mün­de jem­gy­ýet­çi­lik sah­na­syn­dan dü­şüp baş­la­ýar. Şyg­ryň çe­per di­lin­de ta­ry­hy ha­ky­kat­la­ry açyp gör­kez­ýän Ak­sa­raý­ diň ýa­dy­gär­li­gi De­mir­ga­zyk Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­gar ta­rap­dan gel­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň il­kin­ji no­ka­dy, çar ýa­na uza­ýan ýol­la­ra ak pa­ta be­ril­ýän ge­çel­ge çat­ry­gy, sy­ýa­hat­çy­la­ryň we tä­jir­le­riň eziz­län me­ka­ny, se­bi­tiň al­tyn gu­şa­gy ha­sap edi­lip­dir. Bu ga­dy­my kü­ren oba­ly me­kan öz döw­rün­de kö­je, za­ga­ra, san­dyk, tu­wal­ga, hum, zy­gyr, ke­nep, boý­ra, se­bet, mon­juk, go­puz, tüý­dük, ar­gyş tor­ba­la­ry­ny, tor, ota­ga, po­ta, sag­dak, to­ma­ga, kiş­ti do­ka­mak, ör­mek, ýa­sa­mak, taý­ýar­la­mak, kü­re­le­mek, wa­rak­la­mak, kü­me, kül­be, gu­duk (gu­ýy) gur­mak ýa­ly hü­när­men­çi­lik me­de­ni­ýe­ti­niň ösen mer­ke­zi hök­mün­de uly şöh­rat ga­za­nyp­dyr.
Sa­raý sö­zü­ne ede­bi, ta­ry­hy çeş­me­ler­de «kö­ne ýurt», «şi­rin söh­bet­le­riň we ne­pis saz­la­ryň oja­gy», «be­hiş­diň kil­di», «öten ne­sil­le­riň yş­ky dü­şen säh­ra­sy», «jen­ne­tiň bu­la­gy», «se­nem­le­riň ary­gy», «azym-azym ra­bat­ly ül­ke», «gaý­duw­syz, sö­weş­jeň är­le­riň, mür­ze­ba­şy­la­ryň, müň­ba­şy­la­ryň seý­ran eden se­bi­ti», «ro­waç­lyk­la­ra ba­dal­ga ber­ýän mu­kad­des di­dar­ly, hik­met­li ýag­şy­za­da­la­ryň düş­län ça­dyr­ly mes­ge­ni», «ker­wen­le­re sa­ýa­wan bo­lan uly bar­gäh ka­bul­ha­na dü­şel­ge­si», «öz­ge mä­hel­le­le­riň sar­pa­la­ny», «giň, amat­ly, boz ýaý­la­ly be­lent­lik», «gü­lüs­tan­ly gyş­lag», «be­ýik­li­gi, bag­ty­ýar­ly­gy ýa­ran edin­mek», «ket­hu­da­la­ryň ge­ňeş eden me­ka­ny», «ke­mal­ly ogul­la­ryň tä­ze ho­ja­ly­gy», «uru­gyň iň uly we­ki­li», «il­kin­ji bin­ýat» ýa­ly gör­nüş­ler­de dü­şün­di­riş be­ril­ýär. Ak sö­zü­niň ma­ny gur­şa­wy pä­ki­ze­lik, aba­dan­çy­lyk, sa­dyk­lyk, ro­waç­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, su­han­göý­lük, jo­mart­lyk, ýag­şy ar­zuw­la­ra ro­wa­na­lyk, yla­la­şy­gyň ny­şa­ny, asu­da­ly­ga ym­ty­lyş, aras­sa­lyk ýa­ly lek­sik bir­lik­ler bi­len si­no­nim­deş­lik ha­ta­ry­ny eme­le ge­tir­ýär. Do­gan­lyk halk­la­ryň dur­mu­şyn­da, ýa­zuw çeş­me­le­rin­de, ede­bi kys­sa­la­ryn­da, söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­tin­de bu me­kan ha­kan­lar (sol­tan­lar), hüň­kar­lar (han­ly­gyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li tö­re­le­ri, beg­le­ri) ta­ra­pyn­dan sä­gi­ni­len we sy­gy­ny­lan ga­dy­my oja­gy, gü­len­dam sy­rat­ly, hoş­roý hulk­ly zeý­nep­le­ri taň­syk (haý­ran) edip, ola­ryň seý­pil (bagt) ta­pan Wa­ta­ny, ýe­di far­sak (bir far­sak 5,5 ki­lo­metr­den gow­rak) uzak­dan sal­gym öw­şü­mi (hal­ka­ýyn üýş­me­gi) gö­rün­ýän be­re­ket­li Di­ýar, duý­gu­la­ry şat­lyk­dan des­se­läp di­de­le­re röw­şen­lik çaý­ýan ýaý­la, ha­ta­ryn­da ýet­miş ine­ri bag­lan ker­we­niň çö­ken, bek­me­niň (ça­pyk­su­war­la­ryň) ça­pan, bö­ken­le­riň (päl­wan­la­ryň) bi­lek­le­şen, mür­şit­le­riň (ha­ky­ka­ty göz­leý­ji­le­riň) şowk eden, şäh­ri­ýar­la­ra, ar­bap­la­ra (ha­lat­ly aryf­la­ra) jy­law­dar bo­lan men­zil hök­mün­de hem ula­nyl­ýar.
Or­ta asyr­lar­da döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryn­da, goň­şy halk­la­ryň dur­mu­şyn­da uly orun eýe­län ýa­dy­gär­li­giň bi­na­gär­çi­lik top­lu­my­nyň nus­ga­la­ryn­dan di­ňe Ak­sa­raý di­ňi­niň, Çi­le­li ba­ba aram­gä­hi­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Ak­sa­raý di­ňi­ni we onuň tö­we­re­gin­dä­ki bi­na­la­ry il­kin­ji bo­lup yl­my taý­dan rus aly­my A.Ba­çins­kiý 1950-nji ýyl­da düýp­li öw­re­nip­dir we Ak­sa­raý di­ňi­ni aram­gäh ha­sap edip­dir. 1958-nji ýyl­da rus aly­my G.A.Pu­ga­çen­ko­wa ta­ra­pyn­dan Ak­sa­raý di­ňin­de we onuň tö­we­re­gin­dä­ki ga­dy­my des­ga­lar­da ar­heo­lo­gik bar­lag­la­r ge­çi­ril­ýär we ol Kö­ne­ür­genç türk­men döw­le­ti­ne gün­do­gar­dan gi­ril­ýän baş, esa­sy ge­çiş-gi­riş no­ka­dy ha­sap edi­lip­dir.
Ak­sa­raý di­ňi burç­la­ry äle­miň ta­rap­la­ry­na bak­dy­ry­lyp gur­lan, öl­çe­gi ine­dör­dül-ar­ka gör­nüş­li, iki gat­ly, ýo­kar­ky bö­le­gi güm­mez şe­kil­li ta­ry­hy des­ga­dyr. Ýa­dy­gär­li­giň bi­rin­ji ga­ty­nyň ini 6,60 metr, bo­ýy 6,60 metr, ikin­ji ga­ty­nyň bo­ýy bolsa 3,88 metr, ini 3,67 met­r bolup, onuň üst­ki bö­le­gin­de be­ýik­li­gi 2,70 met­re deň bo­lan güm­mez ýer­leş­ýär. Ýa­dy­gär­li­giň baş­lan­gyç sü­tü­ni 7 metr ýe­riň as­tyn­dan baş­la­nyp­dyr we onuň gur­lu­şy­gyn­da öl­çe­gi, ag­ra­my ýe­di dür­li bolan ker­piç­ler­ peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ýa­dy­gär­li­giň umu­my be­ýik­li­gi 11 met­re go­laý­lap, onuň bi­rin­ji ga­ty­nyň gi­rel­ge­sin­de ýer­leş­ýän ar­ka­nyň uzyn­ly­gy 3,30 ­met­re, ini 1,75 ­met­re deň­dir. 2006-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ak­sa­raý diň ýa­dy­gär­li­gi­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len düýp­li re­je­le­ýiş, di­kel­diş, ga­zuw-ag­ta­ryş, ber­kit­me we abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­dy. Onuň ne­ti­je­sin­de bu ýer­den ke­ra­mi­ki ta­pyn­dy­lar, oýu­lyp na­gyş çe­ki­len gök, ma­wy reňk­dä­ki ker­piç­ler, neç­jar­çy­lyk na­gyş­ly gym­mat­lyk­lar ta­pyl­dy.
Hal­kyň hor­mat­lan, mil­le­tiň sar­pa­lan, asyr­la­ryň yl­ha­my, ýyl­la­ryň mäh­ri, dö­wür­le­riň hy­ju­wy si­ňen bu çäk­de 1993-nji ýyl­da meý­da­ny 5 müň gek­ta­ra go­laý­la­ýan Ak­sa­raý ge­ňeş­li­gi we daý­han bir­le­şi­gi dö­re­dil­di. Türk­men dur­mu­şy­nyň ta­ry­hy ha­ky­kat­la­ry­ny, gö­zel­lik keş­bi­ni dö­ret­mek hem-de gur­mak sun­ga­ty­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň tej­ri­be­le­ri­ni ar­şa gal­dy­ran bu me­ka­na XIX-XX asyr­la­ryň gör­nük­li söz us­sat­la­ry­nyň, ta­ny­mal jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­niň, meş­hur me­de­ni­ýet we­kil­le­ri­niň 40-dan gow­ra­gy­nyň gör­mä­ge ge­len­di­gi­ni alym­lar bel­le­ýär­ler. Çe­per­çi­lik saz­la­şy­gyň we çöz­güt­le­riň öz­bo­luş­ly ga­lyp­la­ry bi­len be­ze­len ýa­dy­gär­li­gi dür­li ýyl­lar­da öw­ren­mek­de M.Aý­dog­dy­ýew, N.Bä­şi­mo­wa, O.Ba­ba­kow, A.Ata­ýew, Ş.An­na­ta­ga­now, K.Dur­dy­ýew, E.My­ra­do­wa ýa­ly alym­lar uly hyz­mat­la­ry bi­tir­di­ler.

Dä­de­baý PÄL­WA­NOW,
Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.