Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň hem-de Akdepe etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda 38-nji orta mekdepde etrabyň orta mekdepleriniň 10-12-nji synplarynda okaýan okuwçy ýaşlaryň arasynda zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik örän gyzykly we ýatdagalyjylygy bilen tapawutlanyp bäsleşigiň birinji şertinde “Syrly sowallar” okuwçylar ýörite taýýarlanan syrly test soraglaryna we ýörite taýýarlanylan soraglara jogap bermek arkaly öz zehinlerini synladylar, bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa “Muny diňe men başararyn” bu şertde okuwçylar özüniň aýratyn häsiýetli başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde 1-nji orna etrabyň 38-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mehriban Aýbekowa, 2-nji orna 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Samir Atamuradow, 3-nji orna bolsa 103-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnabat Berdiýewa dagy mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyp üstünlikli çykyş eden we ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şamyrat Nazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.