«Counterpoint Research» maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan geçirilen bazar seljermelerine görä, «akylly» sagat satuwy 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde 6 göterim ýokarlandy. Soňky ýyllarda gaty meşhur bolan «akylly» sagatlar, esasan hem, saglyk we sport ugrundaky artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar.
Yglan edilen maglumatlara ser salanymyzda, bu bazarda öňdeligi ABŞ-nyň «Apple» kompaniýasy eýeleýär. «Apple»-iň bazardaky paýy 28 göterime deňdir. Kompaniýa diňe «Apple Watch» bilen önümçiligini dowam etdirýär. Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy bu bazardaky paýyny 15 göterime ýetirdi. Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasynyň paýy bolsa 10 göterime barabar boldy.
Bu ugurda girdeji gazanmakda hem «Apple» öňdeligi eýeleýär. Kompaniýanyň girdejisi geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 18 göterim artyp, 2,3 milliard dollara ýetipdir. Her ýyl dünýäde ortaça 43 million sagat satylýar. 2024-nji ýylda bu görkezijiniň 108,91 milliona ýetmegine garaşylýar.
Sabina HOJJYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.