Ýel turbinalary agaçdan ýasalar

106

Adat­da de­ňiz de­re­je­sin­den has be­lent­dä­ki ýer­ler­de has köp ýel öwüs­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin adat­ça de­ňiz­ler­de ýa-da dag ge­riş­le­rin­de Ýel tur­bi­na­la­ry gu­rul­ýar. Bi­ler­men­ler elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek üçin iň ar­zan we aň­sat usu­lyň ýel be­ket­le­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le bo­lan­soň, bu ugur­da has köp ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ril­ýär. Şwe­si­ýa­nyň “Modvion” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, be­ýik­li­gi 150 met­re çen­li bol­jak ýel tur­bi­na­la­ry aň­sat­lyk bi­len bi­rik­di­rip bol­ýan agaç gur­luş­lar­dan ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Agaç bö­lek­le­ri suw we ýy­ly­lyk ge­çir­me­ýän dür­li se­riş­de­ler bi­len ör­tü­len ýag­da­ýyn­da berk hem-de ýe­ňil bol­ýar. Ýe­ňil ma­te­ri­al­dan bi­na gal­dyr­mak üçin ýe­ri hem ge­re­gin­den ar­tyk ber­kit­mä­ge ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa 2016-njy ýyl­dan bä­ri agaç­dan ýel diň­le­ri­ni gur­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär. 2020-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri il­kin­ji 30 metr­lik tur­bi­na­ny gur­du­lar. Go­laý­da bol­sa be­ýik­li­gi 150 metr­lik tur­bi­na­nyň agar gur­luş­la­ry­ny ýa­sa­dy­lar. In­di bol­sa, şol gur­luş­lar­dan tur­bi­na gur­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Kom­pa­ni­ýa agaç tur­bi­na­la­ry gur­mak üçin ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len il­kin­ji şert­na­ma­sy­ny bag­laş­dy. Şeý­le­lik­de, “Modvion” 2026-njy ýyl­dan 2036-njy ýy­la çen­li 20 ýel tur­bi­na­sy­ny gu­rar­lar. Umu­my ba­ha­sy 380 mil­li­on dol­lar bol­jak bu yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de gu­rul­jak des­ga­la­ryň önüm­çi­li­gin­de ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­lar azal­dy­lar.

Re­sul­mu­ham­met Sa­pa­row, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by