Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy “Alibaba” “Qwen 2.5” atly emeli aň modeliniň täze nusgasyny çykardy. Kompaniýa bu modeliň ýokary baha berlen hem-de arzan bahaly bolmagy bilen bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen garşy alnan “DeepSeek-V3” modelinden has kämildigini öňe sürýär. “Täze model adatdan daşary güýçli toplumlaýyn aýratynlyklary görkezýär” – diýip, “Alibaba Cloud”-yň beýanatynda aýdylýar.