Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynda 19-njy tapgyrda oýnalan 4 duşuşygyň 2-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri “Altyn asyr” myhmançylykda “Energetikden” 2-0 üstün çykyp, möwsümdäki 14-nji ýeňşini gazandy. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de 30-njy minutda we penaltiden 90+3-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi. Bu onuň şu möwsümdäki 19-njy we 20-nji gollary bolup, onuň milli çempionatda geçiren gollarynyň sany 100-e ýetdi.

Şeýle hasap bilen “Ahal” hem myhmançylykda “Köpetdag” toparyny ýeňmegi başardy. Wise-çempionyň gollaryny Elman Tagaýew (47) bilen Guwanç Abylow (71) derwezä girizdi. “Aşgabat” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri  soňky minutlarda penaltiden tapawutlanyp, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. (Toýmämmet Sähetmämmedow 4, Nazar Towakelow 90+6 p – Alibek Abdyrahmanow 33). “Şagadam” bilen “Merwiň” arasyndaky duşuşyk hem tapgyryň ýeke-täk deňlikde gutaran oýny boldy (Baýramgeldi Nurlyýew 45+1 p – Serdar Annamämmedow 62).

Şeýle-de şu gün 20-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler: “Şagadam”–“Köpetdag” (16:15), “Nebitçi”–“Merw” (16:00), “Altyn asyr”–“Aşgabat” (16:00), “Ahal”–“Energetik” (16:00).