Çärýek finalyň 1-nji oýunlarynda “Arsenalyň” öz meýdançasynda “Real Madridi” 3-0 hasabynda ýeňmeginden soň, geljek möwsümde Angliýadan 5 klubuň gatnaşjakdygy resmi ýagdaýda mälim edildi. Mälim bolşy ýaly, Çempionlar Ligasynda 36 klubuň 2-si UEFA-nyň koeffissentleri esasynda iň köp utuk gazanan ýurtlaryň 2-siniň wekili bolýar. Geçen möwsümde Italiýa bilen Germaniýa öňdäki 2 orny eýeläp, 5-nji klublaryny Çempionlar Ligasyna ugradypdy. Bu gezek Angliýanyň möwsümi 1-nji tamamlajakdygy anyk bolup, 2-njilik ugrunda Ispaniýanyň uly artykmaçlygy bar.
Şeýle-de, Angliýadan gatnaşjak klublaryň sany hasam artyp biler. Onsuzam 5 ýollanma gazanan iňlis klublaryndan “Aston Willa” çärýek finalyň 1-nji duşuşygyndandan soň mümkinçiligi juda azalanam hem bardy-geldi Çempionlar Ligasynda ýeňiş gazanyp, çempionatda-da ilkinji 5-ligiň daşynda galsa (ilkinji 5-lige düşen toparlar onsuzam gatnaşýar), geljek möwsümde UÇL-de çykyş eder. Milli çempionatda aşaky orunlarda barýan “Mançester Ýunaýted” ýa-da “Tottenham” toparlaryndan haýsy hem bolsa biri Ýewropa Ligasynda çempion bolsa, onda şol klub hem Çempionlar Ligasyna 7-nji iňlis kluby hökmünde gatnaşar.