Angolada soňky 30 ýylda ilkinji gezek täze uly göwher ýatagy tapyldy. Bu barada Angolanyň döwlet eýeçiligindäki “Endiama” kompaniýasy bilen bilelikde ýatagy ýüze çykaran “De Beers” topary habar berdi.
Metbugat üçin ýaýradylan beýanata görä, magdan Lunda Sur welaýatynda ýerleşýär. Beýanatda “Täze kimberlit ýatagy “De Beers” toparynyň soňky 30 ýylda açan iň uly ýatagydyr” diýlip bellenilýär. Maglumatlara görä, bu ýer göwher öndürýän täze welaýat bolup biler.
Ýatak hemra arkaly alnan suratlary seljermek arkaly ýüze çykaryldy. Soňky buraw işleri göwheriň bardygyny tassyklady. “De Beers” göwher ätiýaçlyklary boýunça çaklamasyny entek mälim etmedi we bu ugurdaky degişli işler dowam edýär. Hünärmenler diňe bir uly göwher ýatagy däl-de eýsem biri-birine ýakyn ýerde ýerleşýän birnäçe ýatagyň tapylandygyny habar berdiler.
2022-nji ýylyň ýazynda Angolanyň hökümeti “De Beers” bilen Afrikanyň bu ýurdunyň demirgazyk-gündogarynda göwher gözlemek we gazmak üçin maýa goýum şertnamasyna gol çekdi. Ýatak 2024-nji ýylyň fewral aýynda giňeldild. Angola göwher öndürmekde Botswanadan soň Afrikada ikinji ýerde durýar.