Kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçirildi. 4 sagada golaý dowam eden dabarada şu wagta çenli beýleki guramaçylyklaryň köpüsinde-de ençeme baýrak toplan “Anora” filmi 5 heýkeljik gazanyp, öňe saýlandy. Filmiň edebi esasyny ýazyp, surata düşüren we kebşirlän Şon Beýker taryhy statistikalaryň eýesi boldy. Dabarada jemi 23 ugur boýunça ýeňijiler Oskar heýkeljikleri gowşuryldy.

Meşhur komediýaçy Konnon O’Braýanyň alyp barana dabarasy hemişekiler ýaly artistleriň we kino sungatynyň görnükli wekilleriniň gyzyl halydan geçişligi bilen başlandy.

Latwiýanyň önümi bolan “Akym” atly sözsüz multfilm iň gowy animasiýa baýragyna laýyk görüldi. Bu animasiýa Oskar gazanan Latwiýanyň ilkinji ekran eseri boldy. Gysga göwrümli iň gowy animasiýa baýragyna-da eýranly Şirin Sohani bilen Hossein Molaýeminiň “Serwi agajynyň kölegesinde” atly animasiýasy mynasyp görüldi.

Tanymal aktrisa Emi Pouler ssenariý baýraklarynyň ýeňijilerini mälim etmek üçin sahna çykdy. Ol ilki asyl ssenariý baýragyny “Anora” filminiň režissýory hem-de ssenariçisi Şon Beýkeriň alandygyny jar etdi. Bu Şon Beýkeriň 97-nji Oskar baýraklaryndaky ilkinji sahna çykyşy boldy. “Konklaw” filminiň ssenarisini Robert Harrisiň adybir eseri esasynda ýazan Piter Strahan iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragy bilen sylaglandy.

Iň gowy grim baýragyny “Hyrsyz” filminiň grimçisi Pol Teýzwell Oskaryň ýeňijisi boldy. Ol bu baýragy alan ilkinji garaýagyz erkek, umumylykda-da ikinji garaýagyz şahsyýet hökmünde Oskaryň taryhyna girdi. Filmiň 2-nji baýragy çeperçilik bezegi ugrundan bolup, Natan Krowli bilen Li Sandales (sahna bezegçisi) Oskaryň heýkeljiklerine mynasyp boldy. Krowli 7-nji, Sandales 3-nji dalaşgärliginde ilkinji Oskaryny gazandy.

Iň gowy makiýaž we saç bezegi ugry boýunça “Substansiýa” filminden Pier-Oliwie Persin, Stefani Giýon hem-de Marilin Skarselli Oskara laýyk görüldi.

“Anora” filminiň režissýory Şon Beýker 2-nji heýkeljigini almak üçin sahna çykdy. Ol iň gowy montaž baýragynyň hem eýesi boldy.

Meşhur aktrisa hem aýdymçy Selena Gomes bilen ussat aktýor Samuel L. Jekson sahna çykyp, “Başga ýer ýok” atly ekran eseriň iň gowy dokumental film baýragyny, “Orkestrdäki ýeke-täk gyz” atly filmiň hem iň gowy gysga göwrümli dokumental film baýragyny gazanandygyny mälim etdiler.

Iň gowy gysga göwrümli film baýragy “Men robot däl” atly ekran eserini surata düşüren Wiktorýa Warmerdam bilen Trente berildi.

Ýylyň iri taslamalaryndan “Dýuna: ikinji bölüm” filmi tehniki ugurlardan 2 Oskar gazandy. Film iň gowy ses hem-de iň gowy wizual effektler ugurlarynyň ýeňijisi boldy. Filmiň wizual effektlerini taýýarlanlardan Pol Lambert 3-nji, Gerd Nefzer 2-nji, Stefen Jeýms bilen Rys Salkom ilkinji Oskaryny gazandy. Iň gowy ses ugry boýunça ýeňiji bolan Riçard King 5-nji, Doug Hemfill 3-nji, Ron Bartlett 2-nji hem-de Garet Jon ilkinji Oskar heýkeljigini gazanmagy başardy.

Ilkinji brazil filmi

Iň gowy halkara film baýragyna “Men henizem bu ýerde” filmi laýyk görüldi. Filmi surata düşüren Wolter Salles 2-nji dalaşgärliginde bu baýragy gazandy. Ol 1998-nji ýylda-da “Merkezi wokzal” filmi bilen dalaşgär bolupdy. “Men henizem bu ýerde” filmi Oskar alan ilkinji brazil kinosy hökmünde hasaba alyndy. Filmde baş keşbi janlandyran Fernanda Torres iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgär görkezilipdi. Onuň ejesi Fernanda Montenegro hem Sallesiň 1998-nji-nji ýyldaky “Merkezi wokzal” filmindäki keşbi üçin iň gowy aktrisa baýragyna dalaşgärlige hödürlenipdi.

Jennifer Lawrensden soň Maýki Medison

Iň gowy aktrisa baýragyny Maýki Medisonyň ýa-da Demi Muruň gazanmagyna garaşylýardy. Fernanda Torres hem 3-nji esasy dalaşgärdi. Ýöne akademiýa “Anora” filminiň ýyldyzyny, Maýki Medisony saýlady. 26 ýaşyndaky Medisona baýragy geçen ýylyň ýeňijisi Emma Stoun gowşurdy. Ol 1990-njy ýyldan soň dünýä inip, bu ugurda Oskar gazanan 2-nji aktrisa boldy. Ondan öň 2012-nji ýylda baýragy gazanan Jennifer Lawrens 1990-njy ýyldan soň doglanlaryň arasynda ilkinji bolup Oskar baýragyny eýeläpdi.

“Anora” filmini surata düşüren Şon Beýker iň gowy režissýor baýragyny almak üçin 3-nji gezek sahna çykdy. Ol özi ýaly ilkinji gezek dalaşgär görkezilen beýleki 4 režissýordan öňe saýlanmagy başardy. Ol heýkeljigini ussat režissýor Kuentin Tarantinonyň elinden aldy.

Dabaranyň dowamynda Oskarda däp bolup gelýän soňky 1 ýylyň dowamynda aradan çykan kino sungatynyň dürli ugurlarynyň görnükli wekilleri hatyralandy.  Şeýle-de, aýdymçydyr aktrisalar käbir filmleriň aýdymlaryny şowhunly tanslar bilen ýerine ýetirip, dabaranyň joşgunyny hasam artdyrdylar.

Umumylykda dabarada “Anora” 5, “Brutalist” 3, “Dýuna: ikinji bölüm”, “Hyrsyz”, “Emiliýa Peres” filmleri 2 ugurdan Oskar baýragyny gazandy. Şol sanda akademiýa bu gezekki esasy baýraklary “Hollywood”-yň iri studiýalarynyň önümlerine däl-de, garaşsyz hem-de kiçi studiýalaryň filmlerine paýlady. “Dýuna: ikinji bölüm”, “Hyrsyz” ýaly uly studiýalaryň önümleri tehniki ugurlar boýunça baýraga mynasyp boldy.

 

IŇ GOWY FILM: “Anora” (Anora)

IŇ GOWY REŽISSÝOR: Şon Beýker – “Anora” (Anora)

IŇ GOWY AKTRISA: Maýki Medison – “Anora” (Anora)

IŇ GOWY AKTÝOR: Adrien Broudi – “Brutalist” (The Brutalist)

IKINJI PLANDAKY IŇ GOWY AKTRISA: Zou Saldanýa – “Emiliýa Peres” (Emilia Perez)

IKINJI PLANDAKY IŇ GOWY AKTÝOR: Kiran Kalkin – “Hakyky jepa” (A Real Pain)

IŇ GOWY ASYL SSENARIÝ: “Anora” (Anora) – Şon Beýker

IŇ GOWY ADAPTIRLENEN SSENARIÝ: “Konklaw” (Conclave) – Piter Strahan

IŇ GOWY ANIMASIÝA: “Akym” (Straume) – Gints Zilbalodis (Latwiýa)

IŇ GOWY HALKARA FILM: “Men henizem bu ýerde” (Ainda Estou Aqui) – Walter Salles (Braziliýa) – portugalça

IŇ GOWY DOKUMENTAL FILM: “Başga ýer ýok” (No Other Land) – Bazel Adra, Ýuwal Abraham

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI DOKUMENTAL FILM: “Orkestrdäki ýeke-täk gyz” (The Only Girl in the Orchestra) – Molli O’Braýan, Lisa Remington

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI FILM: “Men robot däl” (I’m Not a Robot) – Wiktoriýa Warmerdam, Trent

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI ANIMASIÝA: “Serwi agajynyň kölegesinde” (Dar saaye sarv) – Şirin Sohani, Hossein Molaýemi

IŇ GOWY SAZ: “Brutalist” (The Brutalist) – Daniel Blumberg

IŇ GOWY AÝDYM: “El Mal” – “Emiliýa Peres” (Emilia Perez) – Kleman Dukol, Kamiý, Žak Odiar

IŇ GOWY SES: “Dýuna: ikinji bölüm” (Dune: Part Two) – Garet Jon, Riçard King, Ron Bartlett, Doug Hemfill

IŇ GOWY ÇEPERÇILIK BEZEGI: “Hyrsyz” (Wickerd) – Natan Krowli, Li Sandales

IŇ GOWY OPERATOR: “Brutalist” (The Brutalist) – Lol Krawli

IŇ GOWY MAKIÝAŽ WE SAÇ BEZEGI: “Substansiýa” (The Substance) – Pier-Oliwie Persin, Stefani Guiýon, Merilin Skarselli

IŇ GOWY GRIM: “Hyrsyz” (Wickerd) – Pol Tazewell

IŇ GOWY MONTAŽ: “Anora” (Anora) – Şon Beýker

IŇ GOWY WIZUAL EFFEKTLER: “Dýuna: ikinji bölüm” (Dune: Part Two) – Pol Lambert, Stefen Jeýms, Ris Salkom, Gerd Nefzer