Hünärmenler Antarktikanyň töweregindäki buzuň meýdanynyň 1979-njy ýyldan bäri iň pes derejä ýetendigini anykladylar. Soňky 40 ýyl töweregi wagtdaky maglumatlar deňziň buz örtüginiň ýel, yssy howa we suw ýaly täsirler bilen kiçelendigini görkezdi. ABŞ-nyň Milli gar we buz maglumat merkeziniň hünärmenleriniň geçiren barlaglaryna görä, yklymyň buzluk meýdany 1,91 million inedördül kilometr bolupdyr. Bu ýagdaýa Antarktika ýarym adasynyň günbatarynda we gündogarynda adaty bolmadyk yssy howanyň täsiriniň bolandygy çaklanylýar. Alymlar munuň diňe global maýylganlyk bilen düşündirip bolmajakdygyna ünsi çekýärler. Şeýle hem buzuň eremeginiň dowam etmegine garaşýarlar.
Mundan ozal Antarktikadanyň buzunyň tutýan meýdanyny geçen ýyl iň pes derejä ýetip, 1,92 million inedördül kilometr bolupdy.
Bilermenler geçen asyryň başlarynda hem buz örtüginiň meýdanynyň kiçelendigini, soňra gaýtadan giňändigini belleýärler.
Ýagşygül Seýitmyradowa, Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy.