Emeli aň ulgamynda iş alyp barýan Amerikan kompaniýasy «Anthropic» 65 milliard dollar möçberinde hususy maýa goýumlaryny çekmegi başardy. Netijede, kompaniýanyň bazar gymmaty 965 milliard dollara ýetip, ol özüniň esasy bäsdeşi bolan «OpenAI» kompaniýasynyň 730 milliard dollarlyk görkezijisinden öňe geçmegi başardy. Şeýlelikde, «Claude» çat-botuny işläp taýýarlaýan we döredilenine bary-ýogy bäş ýyl bolan bu kompaniýa dünýäniň iň gymmat startaplarynyň hataryna girdi.
Bu üstünlik «Anthropic» kompaniýasyny diňe bir bazar gymmaty boýunça däl, eýsem, ýyllyk girdeji babatda hem «ChatGPT-niň» döredijisi «OpenAI-dan» öňe saýlamaga mümkinçilik berdi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda onuň tehnologiýalaryny ulanýan şahsyýetlerden we guramalardan gelýän ýyllyk girdejisi 47 milliard dollara ýetýär. «Anthropic» 2021-nji ýylda «OpenAI-yň» öňki ýolbaşçylary tarapyndan esaslandyrylypdy, häzirki wagtda bu iki kompaniýanyň, şeýle hem Ilon Maskyň «SpaceX» kompaniýasynyň aksiýalaryny birža çykarmagyna garaşylýar.
San-Fransisko şäherinde ýerleşýän «Anthropic» kompaniýasynyň maliýe direktory Krişna Rao maýa goýumlaryň täze tapgyrynyň ylmy barlaglary dowam etdirmäge we emeli aň modellerine bolan uly islegi kanagatlandyrmaga ýardam etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa programlaşdyrmakda we hünär wezipelerinde has ýokary netije görkezýän «Claude Opus 4.8» atly täze modelini tanyşdyrdy.
Emma muňa garamazdan, maýa goýum bazarynda emeli aň pudagyna degişli kompaniýalaryň girdejisinden has köp çykdajy edýändigi baradaky aladalar hem barha artýar. Mysal üçin, «SpaceX» we «xAI» kompaniýalary birleşenden soňra, olaryň bahasy 1,25 trillion dollara ýetdi. Şol bir wagtda «OpenAI» kompaniýasynyň hem bazar bahasy barha ýokarlanyp, 852 milliard dollara ýetmäge ymtylýar. Mundan başga-da, kompaniýa özüniň öňki maýadary Ilon Mask tarapyndan açylan we uzak wagtlap dowam eden kazyýet işinde ýeňiş gazanmagy başardy.
PDF









