“SolarPower Europe”-yň taýýarlan maglumatyna görä, geçen ýyl dünýäde gurlup ulanmaga berlen Gün beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty 597 GW bolupdyr. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 33 göterim ýokary diýmegi aňladýar. Şeýlelikde Gün beketleriniň önümçilik kuwwaty 2 terawatdan geçipdir. Bilermenler 2030-njy ýyla çenli her ýylda gurlup ulanmaga beriljek Gün beketleriniň 1 terawata ýetjekdigini çaklaýarlar.
Gün beketleri iň köp elektrik energiýasy alynýan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi hasaplanýar. Bu ugurda Hytaý öňdeligi eýeleýär. Dünýäde 2023-nji ýylda umumy önümçilik kuwwaty 447 GW bolan Gün elektrik beketleri gurlupdyr. Bu görkezijiniň 57 göterimi (253 GW) Hytaýa degişli bolupdyr. Geçen ýyl bolsa ýurt önümçilik kuwwaty 329 GW bolan Gün beketlerini hyzmata hödürläpdir.
Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda bolsa, 2024-nji ýylda gurlan Gün beketleriniň önümçilik kuwwaty 65,5 GW boldy. Bu görkezijiniň 2023-nji ýyldakydan 4 göterim artykdygy mälim edildi.
Maglumatda 2024-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Gün beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty 2,2 TW bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň 46 göterimini emele getirdi. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 7 TW-a ýetmegine garaşylýar. Onýyllygyň ahyryna çenli gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan elektrik energiýasynyň umumy kuwwatynyň 11 TW-a ýetmegine garaşylýar.

Aýgül Berdiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.