Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy şu ýylyň ilkinji ýedi aýyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Dünýädäki syýahatçylygyň ýagdaýyny görkezýän bu maglumatlar her bir ýurduň beren hasabaty esasynda taýýarlanypdyr. Maglumatda her bir ýurduň 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende syýahatçylarynyň näçeräk azalandygy görkezilýär. Syýahatçylyk bilermenleri iýulyň ahyryndaky ýagdaýyň dowam edendigini hasaba alyp, ýylyň on aýyndaky syýahatçylygyň ýagdaýy barada maglumat taýýarlapdyrlar. Netijede, syýahatçylyk pudagynda pandemiýadan ozalky ýagdaýa görä, iň az ýitgi çeken ýurtlaryň arasynda Birleşen Arap Emirlikleri (3 göterim), Türkiýe (7 göterim) we Daniýa (8 göterim) öňdeligi eýeleýär. Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa ýaly Aziýa ýurtlary 80 göterimden hem köp ýitgi çekipdirler. Maglumata görä, Ispaniýa dünýäniň syýahatçylyk pudagynda hemişe öňdäki orny eýeleýän ýurdy bolan Fransiýadan öňe geçipdir.
Aknabat DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy
PDF









