Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer ýerli saýlawlarda dolandyryjy Leýboristler partiýasynyň şowsuzlyga uçramagyndan soňra, öz wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan mälim etdi. Hökümet Baştutany täze ýolbaşçy saýlanýança öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirer, täze Premýer-ministri saýlamak tapgyry bolsa şu ýylyň iýul aýynda başlar.
Londonyň Daunings-strit köçesindäki 10-njy jaýyň öňünde çykyş eden Kir Starmer öz kararynyň ýurduň bähbitleri bilen baglydygyny belläp, mundan beýläk bar bolan wagtyny maşgalasyna bagyşlaýandygyny aýtdy. Ýurtda emele gelen syýasy özgerişlikler, aýratyn-da Makerfilddäki goşmaça saýlawlarda Mançesteriň öňki häkimi Endi Bernuýemiň gazanan ýeňşi we onuň Starmeriň ornuna esasy dalaşgär hökmünde öne çykmagy Premýer-ministriň wezipesinden gitmegini şertlendirdi.
Bu karar ýurduň syýasy gurşawynda uly seslenme döretdi. “Reform UK” partiýasynyň lideri Naýjel Faraj gyssagly umumy saýlawlaryň geçirilmegini talap eden bolsa, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Starmeriň iki ýyllyk iş döwründe bitiren işlerine ýokary baha berdi. Häzirki wagtda Beýik Britaniýa soňky on ýylda özüniň ýedinji Premýer-ministrini saýlamaga taýýarlanýar.
PDF









