Argentinaly alymlar Günorta-Günbatar Atlantikada suwasty ekspedisiýany tamamladylar we şol döwürde umman jandarlarynyň täze görnüşlerini kesgitlediler. Bu barada “TV BRICS” habar berýär.
Argentinanyň ylmy we tehniki barlaglar boýunça Milli geňeşiniň (CONICET) we Şmidt Okean institutynyň ylmy topary Günorta Atlantik ummanynyň iň çuň ýerlerinden biri bolan Mar del Plata kanýonynyň çuňlugyny öwrendiler. Kanýonyň iň çuň nokady 3500 metrden gowrak. Alymlar ýokary hilli suw asty şekillerini almaga we daşky gurşawa zyýan bermezden çuň deňiz nusgalaryny ýygnamaga ukyply uzakdan dolandyrylýan enjamy işe girizdiler.
Çümüşler göni ýaýlymda görkezildi. Ýaýlym tomaşaçylar üçin Şmidt institutynyň ähli rekordlaryny täzeledi: beýleki kompaniýalaryň köpüsiniň suwa çümüşi ortaça 4 müň gezek tomaşa edilen bolsa, bu ekspedisiýanyň barlaglaryna ortaça 500 müň adam, üç hepdäniň dowamynda bolsa, jemi 18 million adam tomaşa etdi.
Barlag geçirijiler bu missiýanyň aktiniý, deňiz hyýarlary, deňiz kirpileri, ulitkalar we merjenler ýaly 40-dan gowrak täze görnüşiniň tapylandygyna ynanýarlar. Tassyklamak wagt alýar, sebäbi bar bolan belli görnüşler bilen deňeşdirmeler zerurdyr. Munuň üçin hünärmenler laboratoriýa we kompýuter barlaglaryny geçirerler.