Ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň düýpgöter özgerdilmegi ugrunda tagalla eden Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň ajaýyp künjeginde «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy bilen döwrebap şäher peýda boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Bu ýere ýygy-ýygydan gelip durýan Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamalary bilen yzygiderli tanyşýar we ol taslamalar boýunça degerli maslahatlaryny berýär.
Häzirki wagtda bu ýerde ýol-ulag düzüminiň döwrebap desgalaryny gurmak üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Munuň üçin awtomenziliň we awtotoplumyň, şonuň ýaly-da, demir ýol menziliniň taslamalary taýýarlandy we olaryň halkara derejede bildirilýän talaplardan ugur alynmagy ugrunda degişli işler geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunda demir ýollaryň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Taryhyň dowamynda döwletleri baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesi ulanylmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Arkadagymyz bu künjekde, has takygy, Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtady.
Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher – Arkadag şäheri kemala gelýär. Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp baryldy.
«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi. Arkadag şäheri ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherdir. Şäherde tebigy gözelligi gorap saklamak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda taryhy Karara gol çekipdi. Şondan bir aý soňra bolsa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şäheriň düýbi tutuldy. Gurluşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylmagy netijesinde bu ýerde Arkadag şäheri peýda boldy.
Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany, şol sanda häkimligiň edara binasyny, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasyny, Baýdak sütünini, «Ahal» monumentini, Ahal atçylyk sirkini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini, Ruhyýet köşgüni, kitaphanany, Bagt köşgüni, drama teatryny, muzeýi, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalaryny, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalaryny we beýleki möhüm desgalary öz içine alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ynamyndan, ýürekden çykýan goldawyndan güýç alyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde tejribeli syýasatçy, paýhasly halypa, ussat binagär, ökde guramaçy hökmünde öň hatarda orun almagy watandaşlarymyzda ertirleriň ösüşli, geljegiň ygtybarly boljakdygyna pugta ynam döredýär.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygyny şu geçen ýyllarda hemişelik üns merkezinde saklamak bilen, ol ýere yzygiderli baryp, işleriň gidişi bilen tanyşdy. Guralan iş saparlarynyň ýygjamlygyna üns berseň, täze şähere Milli Liderimiziň näderejede ähmiýet berýändigine göz ýetirmek bolýar. Bir söz bilen aýdylanda, täze şäheriň taslamasy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir.
Gülbahar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.