Londonyň “Arsenal” topary şu möwsümde transferiň iň işjeň toparlarynyň hatarynda bolup, olar eýýäm 3-nji transferini amala aşyrdy. Topçular Londonyň başga bir kluby “Brentford” toparyndan daniýaly ýarymgoragçy Kristian Norgory düzümine goşdy. “Arsenal” bu transfer üçin “Brentforda” 10+2 million funt sterling tölär. 31 ýaşynda oýunçy “Arsenal” bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Norgor 6 möwsüm “Brentfordda” çykyş edip, ol 196 oýunda 13 goly öz adyna ýazdyrdy. Ol ondan öň “Lýungbýu”, “Hamburg”, “Brondbýu” hem-de “Fiorentina” klublarynyň köýnekçesini geýipdi.
Norgoryň Daniýanyň milli ýygyndysynda 35 oýny bar.
“Arsenal” Norgordan öň “Real Sosiedaddan” ispaniýaly ýarymgoragçy Martin Zubimendini, şol sanda “Çelsiden” ispaniýaly derwezeçi Kepa Arrizabalagany düzümine goşupdy.