Adamzat uzak ýyllardan bäri wagty ölçemek üçin dürli birlikleri ulanýar. Tehnologiýanyň we halkara söwdanyň ösmegi netijesinde bütin dünýäde bitewi ölçeg birligi girizildi. Häzirki döwürde Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan wagtyna görä wagty ölçeýän kämil ölçeg birlikleri döredildi. Şeýle-de bolsa, Ýeriň tizligi Ýer bilen Aýyň dartyş güýjüniň täsiri bilen üýtgeýär. Bu her günüň 1,4 millisekunt uzalmagyna getirýär. Şol sebäpli 1972-nji ýyldan bäri Ýeriň aýlanyş tizligi bilen ulanýan wagtymyzy deňleşdirmek üçin mahal-mahal artykmaç
1 sekunt goşulýar.
Bu ýagdaý kähalatlarda kompýuterlerde we internetde bökdençlik döredip bilýär. Artykmaç sekundyň goşulandygyny «bilmeýän» ulgamlaryň işi togtaýar. 2012-nji ýylda goşmaça 1 sekunt goşulanda, «Reddit» we «LinkedIn» ýaly saýtlarda bökdençlik döräpdi.
Wagt, agyrlyk, uzynlyk ýaly ölçeg birlikleri Fransiýadaky Halkara agramlar we ölçegler býurosy tarapyndan kesgitlenýär. Bu edara artykmaç sekundyň aradan aýrylmagy bilen bagly ses berişlik geçirer. Teklip oňlanan ýagdaýynda bu düzgün 2027-nji ýylyň maý aýynda güýje girer. Mundan ozal, 2022-nji ýylda býuronyň agzalary artykmaç sekundyň 2035-nji ýyla çenli tapgyrlaýyn aradan aýrylmagy barada netijä gelipdiler. Ses berişlik bilen bu wagtyň öňe süýşürilmegi göz öňünde tutulýar.
Artykmaç sekundyň goşulýan belli bir wagt aralygy ýok. Ýeriň aýlanyş tizligi bilen biziň ulanýan sagadymyzyň arasyndaky tapawut 0,9 sekuntdan köp bolsa, artykmaç sekunt goşulýar. Artykmaç sekundyň goşuljakdygy 6 aý öňünden mälim edilýär we
30-njy iýunda ýa-da 31-nji dekabrda goşulýar. Şeýle ýagdaýda sagat 23:59:59-dan soňra 00:00:00 bolman, 23:59:60-y görkezer. Şeýlelikde, bir gije-gündiz 86 müň 400 sekunt däl-de, 86 müň 401 sekunt bolýar.
Güljeren Babaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF








