Ýörite tehnikalary öndürýän “Caterpillar” kompaniýasy kuwwaty 2 müň 650 at güýjüne barabar bolan, elektrik energiýasy bilen işleýän äpet ýük ulagyny tanyşdyrdy. “793 Electric” atly ulag ýakyn geljekde magdan çykarylýan şahtalarda we gurluşyk meýdanlarynda peýdalanylyp başlanar. Nusgalyk ulagda geçirilen synagda ýük ulagynyň 200 tonnadan gowrak ýük bilen 12 km/sagat tizlikde ýapgyda çykyp bilýändigi anyklandy. ulagyň tehniki aýratynlyklar barada doly maglumat berilmedi. Ulagynyň ýük göterijiliginiň 265 tonnadygy bellenilýär. Ulag ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky 7 kilometrlik ýolda synagdan geçirilýär. Synag sürüşinde ulag 60 km/sagat tizlige ýetdi. Ýapgytygy 10 % beýiklige 12 km/sagat tizlik bilen çykdy. Ulag ýapgytdan ineninde bolsa öz agramyna tigirleriniň aýlanmagynda elektrik energiýasyny öndürip, batareýasyna belli bir derejede zarýad berdi. togtadyjy ulgama ýerleşdirilýän bu tehnologiýanyň esasan magdan önümlerini daşamakda ulanylýan ýük ulaglarynda peýdalanylar.
Bu synagy kömürturşy gazyny azaltmak maksay bilen elektroulag ulanmagy meýilleşdirýän BHP, “Freeport-McMoRan”, “Newmont Corporation”, “Rio Tinto” we “Teck Resources Limited” ýaly kompaniýalar ýakyndan yzarlaýar. “Caterpillar” geljekde ýerasty magdan önümleriniň çykarylýan ýerlerinde şeýle ulaglaryň köpeljekdigini öňe sürýär.
Ýazmuhammet Çaryýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









