Aşgabat – Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

1

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 25-nji maýdan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny mälim edýär. Bu başlangyç geljekki tomus möwsüminde raýatlaryň Hazaryň kenaryna bökdençsiz barmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Täze gatnaw hepdäniň her güni yzygiderli tertipde amala aşyrylar. Awtobuslar Aşgabat şäheriniň wokzalynyň golaýyndaky duralgadan ir sagat 06:00-da ýola çykar. Yzyna gaýdyşyn bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesinde ýerleşýän 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da ugrar.
Syýahatçylar ýol peteklerini Aşgabat Halkara awtomenzilinden, Awtokombinatdan we Wokzal kassalaryndan satyn alyp bilerler. Şeýle hem petekleri sanly ulgam arkaly, ýörite şäherara programmadan onlaýn görnüşde bronlamak mümkinçiligi döredildi.
Goşmaça maglumat almak üçin 44-35-30, 44-35-20 we +99361-49-34-95 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.