Paý­tag­ty­my­zyň «Aş­ga­bat» me­de­ni we dynç alyş se­ýil­gä­hin­de inkl­ýu­ziw fes­ti­wal ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da Al­tyn asyr in­ter­net sa­hy­pa­sy ha­bar ber­ýär.
Dür­li jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, iş­jeň ýaş­lar, meý­le­tin­çi­ler, ça­ga­lar we ola­ryň ene-ata­la­ry şen­be gü­ni öý­län çä­rä­niň şy­ga­ry­na la­ýyk­lyk­da dö­re­di­ji­lik gur­şa­wyn­da öz ba­şar­nyk­la­ry­ny we ze­hi­ni­ni gör­kez­mek üçin «Biz dür­li, em­ma deň» at­ly çä­rä ýyg­nan­dy­lar.
Se­ýil­gä­hiň çäk­le­ri bir­nä­çe te­ma­ti­ki: sport we güý­men­je, mag­lu­mat we bi­lim, aý­dym-saz we dö­re­di­ji­lik ýa­ly meý­dan­la­ra bö­lün­di.
Dö­re­di­ji­lik di­war­lyk­la­ryn­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan adam­lar ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len çe­per su­rat­lar, ýum­şak oý­na­waç­lar, se­net­ler we se­net­çi­lik önüm­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Her dür­li oýun­la­ra we bäs­le­şik­le­re gat­na­şyp, müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan adam­lar öz­le­ri­ni has ynam­ly we ra­hat duý­ma­gy ba­şar­dy­lar.
Fes­ti­wa­lyň her bir myh­ma­ny ýe­riň ýü­zün­de su­rat çek­mek, küşt oý­na­mak we sport es­ta­fe­ta­sy ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­dy­lar.
Bäs­le­şik­ler­de öňe saý­la­nan ça­ga­lar baý­rak­la­ra my­na­syp bol­du­lar we fes­ti­wa­lyň ny­şa­ny ýer­leş­di­ri­len ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry­na eýe bol­du­lar.