«Mo­ley Ro­bo­tics» kom­pa­ni­ýa­sy 2015-nji ýyl­da nus­ga­lyk gör­nü­şi ta­nyş­dy­ry­lan aş­pez ro­bot­la­ryň sa­tu­wa taý­ýar edi­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ro­bot­lar na­har­la­ryň, iş­däa­çar­la­ryň we beý­le­ki ta­gam­la­ryň bäş müň­den gow­ra­gy­ny bi­şi­rip bil­ýär­ler. «Eli süý­ji», işeň­ňir ro­bot gap-gaç­la­ry hem ýuw­ýar. «Mo­ley Ro­bo­tics» kom­pa­ni­ýa­sy 2015-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Gan­no­wer şä­he­rin­de ge­çi­ri­len iň ab­raý­ly teh­no­lo­gi­ýa ser­gi­si ha­sap­lan­ýan «Ha­nover Mes­se»-de aş­pez ro­bot­la­ry­ny köp­çü­li­ge gör­ke­zip­di. Köp ýyl­dan bä­ri üs­tün­de iş­le­nil­ýän ro­bot­lar önüm­çi­li­ge do­ly taý­ýar edil­di. Ro­bo­tyň aş­ha­na­da öý eýe­si­ne iş goý­ma­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu en­jam aş­ha­na­nyň pe­ti­gi­ne de­mir­ýol ul­ga­my ar­ka­ly bi­rik­di­ril­ýär. Onuň uzyn iki go­ly bar. Ro­bot ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan «Schunk» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­nan bu gol­lar ga­zan, ta­bak, ta­ba, su­sak ýa­ly dür­li aş­ha­na gap-gaç­la­ry­ny we gu­ral­la­ry­ny ök­de­lik bi­len ulan­ýar. Onuň çe­ýe bar­mak­la­ry gaz pe­ji­ni we «akyl­ly» öý en­jam­la­ry­ny iş­le­dip bil­ýär. Ro­bo­tyň ýü­zün­dä­ki op­ti­ki ka­me­ra­lar aş­ha­na­da nä­mä­niň ni­re­de du­ran­dy­gy­ny gö­rüp, onuň üç öl­çeg­li kar­ta­sy­ny dö­red­ýär. Şeý­le­lik­de, özi üçin ge­rek bo­lan gu­ra­ly, na­har taý­ýar­la­mak­da­ky azyk önüm­le­ri­ni ula­nyp bo­lan­dan soň­ra, aras­sa­lap, ýer­li-ýe­rin­de goý­ýar. Aş­pez ro­bot tä­ze na­har bi­şir­me­gi öw­ren­mä­ge hem ukyp­ly. Mu­nuň üçin baş­ga bir aş­pe­ziň na­har bi­şiri­şi­ne syn et­me­gi ýe­ter­lik. Ro­bot na­har bi­şir­ýän ada­myň her bir he­re­ke­ti­ni syp­dyr­man syn­lap, edil şo­lar ýa­ly ta­gam taý­ýar­la­ýar. Ro­bo­tyň haý­sy na­ha­ry taý­ýar­la­ma­ly­dy­gy­ny onuň ýü­zün­de ýer­leş­di­ri­len sen­sor­ly ek­ran­da­ky sa­naw­dan saý­la­mak ýe­ter­lik. Bu ro­bo­ty gur­mak üçin aş­ha­na­nyň ýö­ri­te di­zaýn edil­me­gi ze­rur­dyr. Ro­bo­tyň ýö­ne­keý gör­nü­şi­niň 135 müň dol­lar­dan, has çyl­şy­rym­ly gör­nü­şi­niň 338 müň dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.

Söh­bet Guş­ly­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.