Tymsal

Gün­le­riň bir gü­ni bir gyz gar­ry ata­sy­nyň ýa­ny­na ba­ryp, dur­muş­da kä­bir kyn­çy­lyk­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan­dy­gy­ny, bu ýag­da­ýyň kä­ma­hal özü­ni bi­yn­ja­lyk ed­ýän­di­gini aýd­ýar. Ata­sy ag­ty­gy­ny iç­gin diň­läp, oňa bir ýu­murt­ga, bir ýe­ral­ma hem-de bir atym çaý ge­tir­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýär. Gyz ata­sy­nyň aý­dan zat­la­ry­ny ge­tir­ýär.
Ata­sy ýe­rin­den tu­rup, üç sa­ny ga­ba suw guý­ýar-da, ola­ry oduň üs­tü­ne goý­ýar. Suw gaý­nap ug­ran­da ýa­şu­ly ag­ty­gy­na ge­ti­ren zat­la­ry­nyň her bi­ri­ni bir ga­ba sa­lyp, ga­pa­gy­ny ýap­ma­gy tab­şyr­ýar. Bi­raz wagt­dan ýa­şu­ly gy­za häl­ki su­wa atan zat­la­ry­ny çy­kar­ma­gy­ny ha­ýyş ed­ýär. Gyz ga­byň için­den ga­tan ýu­murt­ga­ny, ma­za­ly ýum­şan ýe­ral­ma­ny, reň­ki su­wa çy­kan ça­ýy ata­sy­nyň öňü­ne ge­tir­ýär.
Ata­sy ag­ty­gy­na gaý­nan su­wa aň­sat dö­wül­ýän ýu­murt­ga­nyň ga­tan­dy­gy­ny, ga­ty ýe­ral­ma­nyň ýum­şan­dy­gy­ny, ça­ýyň bol­sa, su­wuň reň­ki­ni üýt­ge­den­di­gi­ni aýd­ýar. Ýa­şu­ly dur­muş­da duş gel­ýän kyn­çy­lyk­la­ryň adam­la­ra dür­lü­çe tä­sir ed­ýän­di­gi­ni, esa­sy za­dyň şol kyn­çy­lyk­la­ra uç­ra­nyň­da, has-da ber­käp, tap­lan­mak üçin döz gel­me­li­di­gi­ni dü­şün­dir­ýär.