Britaniýaly Zara Laklan Atlantik ummanynda 7000 kilometr geçip, Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde gaýykly syýahat eden iň ýaş adam boldy. Ol munuň üçin dessine Ginnesiň rekordlar kitabynyň üç nominasiýasyna girizildi.
21 ýaşly Leklan öz gaýygy bilen Portugaliýanyň Lagos şäherinden ummana çykyp, 97 gün, 10 sagat 20 minutda Fransiýa Gwianasynyň paýtagty Kaýennanyň kenaryna ýetdi. Şeýlelik bilen, ol yklymdan yklyma geçen ilkinji zenan, şeýle hem ýekelikde ýüzmegi başaran iň ýaş türgen we iň ýaş adam boldy.