Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselonanyň” öz meýdançasynda “Osasuna” bilen geçirmeli duşuşygy katalon klubunyň lukmanynyň aradan çykmagy zerarly soňa goýuldy. Madrid derbisinde “Real” öz meýdançasynda “Raýo Wallekanony” Mbappe we Winisius Junioryň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.

“Atletiko” bolsa başga bir Madrid derbisinde “Hetafeden” soňky minutlarda 2 gol geçirdip, ýeňlişe sezewar boldy. 75-nji minutda Sörlotyň penaltiden geçiren goly bilen öňe geçen “Atletiko” Mauro Arambarriniň 88-nji hem-de 90+2-nji minutlardaky gollaryny saklap bilmedi. “Hetafe” “Atletikony” çempionatda 24 oýundan soň ilkinji gezek ýeňdi. Duşuşygyň 88-nji minutda Anhel Korrea emine paýyş söz aýdany üçin gyzyl kart aldy. Onuň 12 oýna çenli jerime alyp biljekdigi bellenilýär.

“Sewilýa” myhmançylykda “Real Sosiedady” “Betis” bolsa Iskonyň soňky minutlarda penaltini salyp bilmedik oýnunda “Las Palmasy” 1-0 hasaplar bilen ýeňdi. Öz meýdançasynda “Malýorkany” ýeňip bilmedik (1-1) “Atletik Bilbao” soňky 7 duşuşygynda 4-nji gezek deňme-deň oýnady.

Selta – Leganes: 2-1 (Mingesa 26, Gonzales 45+1 – Rozie 19),

Alawes – Wilýarreal: 1-0 (Sançes 11),

Walensiýa – Walýadolid: 2-1 (Diego Lopes 7, Sadik 58 – Latasa 40),

Hetafe – Atletiko: 2-1 (Arambarri 88, 90+2 – Sörlot 75 p),

Real Madrid – Raýo Wallekano: 2-1 (Mbappe 30, Winisius 34 – P. Diaz 45+2),

Atletik – Malýorka: 1-1 (Niko Williams 58 – Raiola 56),

Betis – Las Palmas: 1-0 (Llorente 65),

R. Sosiedad – Sewilýa: 0-1 (Edžuke 47),

Espanýol – Žirona (şu gije, 01:00),

Barselona – Osasuna (soňa goýuldy)