Italiýanyň “Atalanta” topary geçen tomusda “Atletiko Madride” transfer bolan Jakomo Raspadorini düzümine goşdy. Bergamolylar 25 ýaşyndaky hüjümçi üçin ispan toparyna 25 million ýewro berer. Täze toparynda 18-nji belgili köýnekçäni geýjek Raspadori uzak möhletleýin ylalaşyga gol çekdi.

Ol geçen ýylyň awgust aýynda “Atletiko” toparyna transfer bolup, bu ýerde umumylykda 15 oýunda 2 gol geçirdi. Karýerasyna “Sassuolo” toparynda başlan Raspadori bu klubda 4 möwsüm çykyş etdi (82 oýun 18 gol). 2022-nji ýylda “Napoli” toparyna transfer bolan Raspadori bu toparda-da 3 möwsüm oýnap, ýene- 18 goly 109 oýun geçirdi. Ol Italiýanyň milli toparynyň köýnekçesini 45 oýunda geýip, 11 goly derwezä girizdi.