19-njy iýul güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýbaňlandyrmak dogrusynda okuw seminary geçirildi. Oňa ýokary derejeli maslahatyň guramaçylykly ýagdaýda geçmegine ýardam berjek meýletinçi we habarçy-wagyzçylar, şeýle-de žurnalistika bilimi berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Okuw seminarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew çykyş etdiler. Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Atajan Burunow 4 – 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň güneşli Diýarymyzda halkara ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan işlerini beýan etmekde ýaş wagyzçylaryň öňünde durýan wezipeler düşündirildi. Mundan başga-da, çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýän bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, ony köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dogry we anyk maglumatlar bilen ýaýbaňlandyrmagyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.