Wise-premýer hasabatyny dowam edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri, hususan-da, bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.