Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek, çöl yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek we «ýa­şyl şä­her» ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça 2026-2030-njy ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nen top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa­ny tas­syk­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, tä­ze mak­sat­na­ma çäk­le­ri­niň, tak­my­nan, 80 gö­te­ri­mi­ni çöl we ýa­rym çöl zo­lak­la­ry tut­ýan se­bit­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýurt­da ekil­ýän agaç­la­ryň de­re­je­si, eý­ýäm, 2020-nji ýyl­da­ky 8 gö­te­rim­den 2025-nji ýyl­da 14,3 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, Aral deň­zi­niň gu­ran düý­bün­de 2 mil­li­on gek­tar­dan gow­rak meý­dan­da to­kaý zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­dy. Tas­syk­la­nan tä­ze me­ýil­na­ma bol­sa 1,27 mil­li­on gek­tar meý­dan­da to­kaý­la­ry di­kelt­me­gi hem-de gu­rak ýer­ler­de gu­rak­ly­ga çy­dam­ly ösüm­lik­le­riň na­hal­ha­na­la­ry­ny dö­ret­me­gi, ga­lo­fit­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi we öri meý­dan mal­dar­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek ar­ka­ly gir­de­ji­niň tä­ze çeş­me­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­me­gi göz öňün­de tut­ýan «çöl yk­dy­sa­dy­ýe­ti» kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar.
Şol bir wagt­da res­mi­na­ma se­bit de­re­je­sin­de, ýag­ny, Mer­ke­zi Azi­ýa­da eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi ugur edin­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ugur­daş se­bit yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň işi­ni gi­ňelt­mek, «Ýa­şyl gal­kan» mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak we 2040-njy ýy­la çen­li döw­ri öz içi­ne al­ýan uzak möh­let­le­ýin se­bit stra­te­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şä­her gur­lu­şy­gy ul­ga­myn­da bol­sa «Green Sa­mar­kand» at­ly sy­nag tas­la­ma­sy tas­syk­la­nyp, oňa la­ýyk­lyk­da 2030-njy ýy­la çen­li Sa­mar­kand şä­he­rin­de ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma de­re­je­si­ni iki es­se azalt­mak, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­ny elekt­rik to­gu­na ge­çir­mek, şä­he­riň da­şyn­dan uzyn­ly­gy 102,7 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan go­rag «ýa­şyl gu­şa­gy­ny» dö­ret­mek, şeý­le hem eko­lo­gi­ýa taý­dan ýo­ka­ry howp­ly diý­lip yk­rar edi­len 8 sa­ny iri se­na­gat kär­ha­na­sy­ny şä­he­riň çä­gin­den da­şa­ry çy­kar­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.