Režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» atly täze çeper filmi dünýäde kino kassa ýygymlaryny toplamakda öňdeligi saklamak bilen bir hatarda, Gomeriň adybir epiki eserini okamaga we grek dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň görnetin artmagyna getirdi. Bilermenleriň hem-de halkara köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, filmiň prokata çykmagy bilen Beýik Britaniýada we ABŞ-da Gomeriň «Odisseýa» kitabynyň satylyşy 70 göterimden gowrak ýokarlandy, internet torlarynda bolsa «grek dilini öwrenmek» baradaky gözlegleriň sany 5000 göterim artdy.
Dünýä boýunça eýýäm 650 million dollardan gowrak kassa ýygymyny toplap, ýylyň iň girdejili filmleriniň birine öwrülen bu kinofilm adamlaryň diňe bir kinoteatrlara gelmegini gazanman, eýsem, gadymy edebiýat hem-de medeni mirasy çuňňur öwrenmeklerine güýçli itergi berdi. Dünýäniň medeniýet we dil hünärmenleri bu meýilleriň grek halkynyň taryhy hem-de döwrebap mirasyna bolan düşünjäni çuňlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny belleýärler.
Şol bir wagtyň özünde, dilçiler Gomeriň poemasynyň gadymy grek dilinde ýazylandygyny we onuň häzirki zaman grek dili bilen ep-esli tapawutlanýandygyny aýratyn nygtaýarlar. Olaryň pikiriçe, gadymy dili öwrenmek antik dünýäsiniň asyl tekstlerine ýakynlaşmaga mümkinçilik berýän hem bolsa, döwrebap dil halkyň häzirki medeniýetini we adamlaryny ýakyndan tanamaga kömek edýär.
Şeýle hem, filmiň döwrebaplaşdyrylan mazmuny we awtorlyk çemeleşmesi käbir edebiýatçy hünärmenleriň garşylykly pikirlerine sezewar boldy. Mysal üçin, Gomeriň eserini iňlis diline geçiren belli klassik-filolog Emili Uilson filmiň kinematografik gerimini we tomaşaçylary kitap okamaga höweslendirmekdäki uly roluny ykrar etmek bilen birlikde, ssenariýanyň çeperçilik hem-de emosional çuňlugynyň gowşakdygyny belledi. Şeýle-de bolsa, synçylar bu kinokompozisiýanyň nusgawy edebi mirasy wagyz etmek işine goşýan goşandyny aýratyn nygtaýarlar.
PDF









