Londonyň jemgyýetçilik ulaglary edarasy 2034-nji ýyla çenli meşhur iki gatly awtobuslarynyň ählisiniň elektrik energiýasy bilen işlemegini ýola goýar. Häzirki wagtda şäherde bir gijede zarýad alyp bilýän 850-den gowrak elektroawtobusy bar. Täze tehnologiýa awtobuslaryň geçirijisiz zarýad almaklaryna mümkinçilik döreder. Şeýlelikde, awtobusyň zarýad almagy üçin bary-ýogy 10 minut ýeterlik bolar. Geljek ýyldan başlap, her awtobusyň gatnaýan ugrunyň iki tarapyndaky beketler giňeldiler. Şeýlelikde, bu ýerlerde gysga wagtda zarýad berilýän beketler oturdylar. Bu bolsa, awtobusyň üznüksiz gatnawyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Täze taslamanyň bellenen wagtyndan has ir durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Arslan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
PDF









