ABŞ-nyň “Firefly Aerospace” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Blue Ghost” kosmos gämisi Aýa gondy. Kompaniýanyň Tehasdaky Missiýa Gözegçilik merkezi kosmos enjamynyň Aýa awtomat ýagdaýda gonandygyny mälim etdi. “Blue Ghost” ABŞ-nyň aerokosmos edarasynyň (NASA) Aýa adamly uçuşlary amala aşyrmagy üçin gerek bolan infrastrukturany döretmegine ýardam eder. Kosmos gämisi tozan bölejiklerini ýygnamak, temperatura ölçemek ýaly işleri ýerine ýetirýän jemi 10 sany abzal bilen üpjün edilipdir.
“Blue Ghost” sözi sözme-söz terjime edilende “gök arwah” diýmegi aňladyp, ABŞ-da seýrek duş gelýän ýagtylyk saçýan tomzagyň adydyr. Aýa gondurylan enjam dört aýakly bolup, onuň uzynlygy 2, ini 3,5 metre barabar. Bu täsin gurluşy onuň Aýyň nätekiz ýüzünde deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýär.
“Firefly Aerospace” kompaniýasy mundan on ýyl ozal esaslandyrylypdyr. Şeýle-de bolsa kompaniýa Aýa şowly ýagdaýda enjam gonduryp bilen ilkinji hususy firma bolmagy başardy. Häzire çenli ABŞ, Sowet Soýuzy, Hytaý, Hindistan we Ýaponiýa Aýa enjam gondurmagy başarypdylar. “Blue Ghost” Aýa gonmazdan ozal birnäçe surat düşürip, Ýere iberdi.
Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda “SpaceX” kompaniýasy “Falcon 9” raketasy arkaly “Blue Ghost” bilen Ýaponiýanyň “Ispace” kompaniýasynyň “Resilience” atly kosmos gämileri uçurylypdy.
“Resilience” maýyň ahyrynda ýa-da iýunyň başynda Aýa gonmagyna garaşylýar. Bu enjam Aýyň bize görünýän ýagty tarapyndaky “Mare Frigoris”-e diýen ýere gondurylar. Kosmos gämisi has uzyn we şemally ýoldan barýar.
“Blue Ghost”-dan başga-da ýene iki kompaniýanyň işläp taýýarlan enjamlary ýakynda Aýa gondurylar. Olaryň biri şu hepdäniň dowamynda bolar. Merkezi edarasy Hýustonda ýerleşýän “Intuitive Machines” tarapyndan işlenip taýýarlanan, uzynlygy 4 metr bolan ýene bir enjam hepdäniň 4-nji güni Aýa gondurylar. Bu enjamyň Aýyň günorta polýusyndan bary-ýogy 160 kilometre uzaklykdaky ýere gondurylar. Bu kompaniýa geçen ýyl hem bir enjamyny kosmosa gondurypdy. Emma onuň bir aýagy döwlüpdi.