UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň çäginde geçen hepdäniň dowamynda “Atletiko Madrid” myhmançylykda “Barselonany” 2-0 hasabynda ýeňipdi. Madriddäki jogap duşuşygynyň çekeleşikli we dartgynly geçjekdigi öňünden bellidi. Oýun şeýle-de bolýar. Duşuşygyň entek ýarym sagady dolmanka, katalonlar 2 oýnuň netijesi boýunça umumy hasaby deňläp, janköýerlerini ýene bir kembege ynandyrýar. 4-nji minutda Lamin Ýamal, 24-nji minutda-da Ferran Torres tapawutlanýar. Ýöne garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnaýan “Atletiko Madrid” 31-nji minutda geçirden gollarynyň biriniň öwezini doldy. Bu hasap oýnuň soňuna çenli-de saklanyp, netijede 3-2 hasabynda üstün çykan “Atletiko Madrid” ýarym finala çykdy. Duşuşygyň 79-njy minutynda “Barselonadan” Erik Garsiýa gyzyl kart alandygyny hem belläp geçeliň.

Şunlukda, “Atletiko Madrid” Çempionlar Ligasynda “Barselonany” 3-nji gezek ýaryşdan çykarýar we adyny ýarym finala ýazdyrdy. Iki toparyň 2013/14 hem-de 2015/16 möwsümlerindäki çärýek final duşuşyklaryndan soň, “Atletiko Madrid” ýarym finala çykypdy. Şol möwsümlerde “Atletiko Madrid” finala çyksa-da, soňlugy bilen, şäherdeşi “Real Madridden” asgyn gelipdi.